Ondan biri: Bugatti Centodieci 15 mln ýewro baha bilen auksiona çykarylýar

  • 31.01.2025 20:19
  • 7k+

4-5-nji fewralda Parižde geçiriljek RM Sotheby’s auksionynda özboluşly Bugatti Centodieci superkary satylar. Bu 2019-njy ýylda markanyň 110 ýyllygy mynasybetli hödürlenen iň seýrek superkar modelleriniň biridir.

Bu modelden kompaniýa bary-ýogy 10 nusga çykardy. Modeliň başlangyç bahasy 8 mln ýewrody, ýöne häzir ol 10 – 15 mln ýewro bilen bahalandyrylýar.
Bugatti Centodieci awtomobili Chiron giperkarynyň binýadynda guruldy, ýöne EB 110-y ýatladýan has ýeňil korpusy we dizaýny bilen tapawutlanýar. Superkar 1600 at güýjüni berýän we 2,4 sekuntda tizligini 100 km/sag çenli artdyrýan dört turbinaly 8 litrlik W16 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyryldy. Şol bir wagtyň özünde, awtoulagyň iň ýokary tizligi 380 km/sag barabar.
Bu auksionda “Skuderiýa” toparyna “Le-Manyň 24 sagady” ýaryşynda rekord ýeňşi getiren Ferrari 250 LM hem satuwa çykarylar. Ol “Bugattiden” tas iki esse gymmat bahalandyrylýar. 

düýn 18:36
2.3k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

düýn 17:04
1.9k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

düýn 14:05
3.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......