“ManSiti” vs. “Real”: Çempionlar ligasynyň pleý-off oýunlarynyň bije çekişiginiň netijesi

  • 31.01.2025 20:06
  • 12k+

31-nji ýanwarda 2024/2025 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň pleý-off oýunlarynyň bije çekişigi geçirildi.

Täze düzgüne laýyklykda, ýaryşyň umumy tapgyrynda 9 – 16-njy orunlary eýelän toparlar 17 – 24-nji orunlary eýelän toparlar bilen pleý-off oýunlarynda duşuşar.
Bije çekişigiň netijesi:

  • “Brest” – “PSŽ”;
  • “Monako” – “Benfika”;
  • “Ýuwentus” – PSW;
  • “Feýenoord” – “Milan”;
  • “Mançester Siti” – Madridiň “Realy”;
  • “Seltik” – “Bawariýa”;
  • “Brýugge” – “Atalanta”;
  • “Sporting” – Dortmundyň “Borussiýasy”.


Pleý-off tapgyrynyň ilkinji oýunlary 11-12-nji fewralda, jogap oýunlary 18-19-njy fewralda geçiriler. Bu tapgyryň sekiz ýeňijisi 1/8 finala çykyp, umumy tapgyryň ilkinji sekiz klubundan biri bilen oýnar.


düýn 22:49
1.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
12k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......