Huawei akylly sagatlary üçin barmak yzynyň 3D skaner funksiýasyny patentledi

  • 31.01.2025 17:10
  • 3.4k+

Huawei kompaniýasynyň täze patentleriniň birinde akylly sagatlara 3D barmak yzy skanerini ornaşdyrmak barada täsin pikir ýüze çykaryldy. Bu tehnologiýa şahsy maglumatlara rugsatsyz girişiň öňüni almak boýunça goşmaça gorag hödürleýär diýip, Gizmochina habar berýär.

Şeýle-de has täsin zat – bu sensoryň ulanylyşy bilen ýüze çykýan täze dolandyryş usulydyr.
Skaneriň işleýşi smartfonlardaky gurluşa meňzäp biler. Barmak yzyny skanirlemek üçin ulanyjy barmagyny sagadyň ekranyndaky aýratyn ýere goýup, ony 360 gradus öwürmeli bolar. Mundan başga-da patentde bu sensoryň barmagyň hereketlerine hem reaksiýa bildirip biljekdigi aýdylýar. Munuň esasynda enjam bilen täsirleşmegiň we ony ulanmagyň dürli görnüşleri hödürlener.
Şeýle-de, birnäçe barmagy hasaba almak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar. Şeýlelikde, her barmaga belli bir wezipäni ýerine ýetirmek tabşyrylyp bilner. Mysal üçin, her barmak belli bir programmany ýa-da funksiýany işledip biler.
Häzirki wagtda bu diňe patent derejesinde bolup, Huawei-niň bu tehnologiýany hakyky enjamlarynda ulanjakdygy barada maglumat ýok.


16.01.2026 08:10
3.7k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.3k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...

16.12.2025 17:18
2.7k+

Huawei Nova 15 smartfonlarynyň üç modelini yglan etdi we öňünden sargytlary alyp başlady

Huawei kompaniýasy öz onlaýn dükanynda täze Nova 15, Nova 15 Pro we Nova 15 Ultra smartfonlaryny hödürledi. Täze enjamlar üçin Hytaýda 15-nji dekabrda öňünden sargytlar kabul edilip başlandy, resmi satuwa çykarylşy bolsa 22-nji dekabrda geçiriler...