“Ýönekeý” HK Hytaýa okuwa gitmek isleýän türkmenistanlylara amatly teklip hödürleýär

  • 31.01.2025 16:06
  • 97k+

Näme üçin Hytaýa okuwa gitmeli?
Soňky ýyllarda ýaşlar daşary ýurtda ýokary bilim almak babatda saýlamaly bolanda, köplenç, Hytaý saýlaýarlar. Munuň sebäbi näme?
Ýokary hilli okuw maksatnamalary hem-de ylmy-tehnologiki ugurlardaky giň mümkinçilikleri bilen tanalýan bu ýurt, okuwa girmek isleýän ýaşlary karýera ösüşi we baý medeni gurşawy bilen özüne çekýär. Şeýle bolsa-da, okuwa girmek işi kähalatlarda aňsat bolman biler.
Bu babatda «Ýönekeý» kompaniýasy ýaşlara arzyly diplomyna ýetmek üçin ýoly mümkin boldugyça aňsat hem amatly geçmäge ýardam berer.
«Ýönekeý» — ýaş türkmenistanlylara Hytaýyň abraýly uniwersitetlerinde bakalawr maksatnamalaryna girip bilmekleri üçin giň mümkinçilik hödürleýär. Kompaniýa dil öwrenmek isleýänler üçin taýýarlyk okuwlaryny guraýar.
Hytaý halkara standartlaryna laýyk, köp isleg bildirilýän hünärleriň giň saýlawyny özünde jemleýän öňdebaryjy ýurt. «Ýönekeý» kompaniýasy ýokary okuw mekdebini saýlamakdan başlap, resminamalary resmileşdirmäge, wiza almaga we ýaşaýyş jaýyny gözlemäge çenli ähli tapgyrlarda kömek edýär. Bu bolsa dalaşgärlere we olaryň maşgalalaryna gereksiz aladalara gümra bolmakdan saklaýar.
«Ýönekeý» kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk edýän uniwersitetleriniň diplomlary Türkmenistanda resmi taýdan ykrar edilýär. Şeýle-de talyplar üçin amatly bolar ýaly maşgala agzalaryndan VISA kartyna yzygiderli pul geçirilmegi arkaly maliýe goldawyny almak mümkinçiligi hem göz öňünde tutulýar.
«Ýönekeý» kompaniýasy okuw üçin gerekli resminamalaryň kabul edilip başlanandygy we ýerleriň çäklidigini ýatladýar.
Kompaniýa ýüz tutmak ýa-da goşmaça maglumat almak üçin onuň resmi web sahypasy http://okamak.yonekey.com/ bilen tanşyp bilersiňiz.
“Ýönekeý” uniwersitet saýlamakda, resminamalary resmileşdirmekde, wiza almakda, ýaşaýyş ýerini gözlemek ýakyndan ýardam berer.


18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......