“Barselona” “Real” bilen oýunda meýdança Ed Şiranyň logotipi bolan köýnekçede çykar

  • 31.01.2025 13:02
  • 11k+

“Barselona” bilen Madridiň “Realynyň” arasyndaky indiki “El-Klasikoda” katalon toparynyň köýnekçeleri britaniýaly aýdymçy Ed Şiranyň logotipi ýa-da ady bilen bezelgi bolar. Oýun 11-nji maýda geçiriler. Bu barada Mundo Deportivo neşiri habar berýär.

Bu klubuň Spotify aýdym-saz hyzmaty bilen baglaşan hemaýatkärlik şertnamasynyň çäklerinde bolup geçýär. Şertnamanyň şertlerine görä, Ispaniýa ligasynda “Real” bilen geçirilýän her oýunda baş hemaýatkäriň ýerine Spotify bilen baglanyşykly bolan aýdymçynyň ýa-da toparyň ady ýa-da logotipi ýerleşdirilmeli.
Mundan öň bu şertnamanyň çäklerinde katalon klubunyň köýnekçesinde aýdymçylar Rozaliýanyň (Rosalía), Karol G-niň, repçi Dreýkiň, şeýle-de The Rolling Stones we Coldplay toparlarynyň nyşanlary hödürlendi. Artistler täze albomyň çykmagy ýa-da konsert syýahatynyň başlamagy ýaly sebäpler göz öňünde tutulyp saýlanýar.
Geljekki oýunda Ed Şiranyň saýlanmagy onuň oýundan üç gün soň Madridde başlajak uly Ýewropa syýahaty bilen baglanyşyklydyr.
“Barselonanyň” “Real” bilen oýny 11-nji maýda Ispaniýanyň çempionatynyň 35-nji tapgyrynyň çäklerinde geçiriler.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......