Aýdym-saz platformalary her 1000 diňleniş üçin aýdymça näçe töleýärler?

  • 31.01.2025 12:18
  • 5.7k+

Spotify 2024-nji ýylda aýdym-saz pudagyna 10 milliard dollar töländigini habar berdi. Puly diňe bir aýdymçylar alman, eýsem, aýdym-saz bilen meşgullanýan prodýusserler hem aldy.

Platformanyň maglumatlaryna görä, häzirki wagtda artistleriň 10 müňden gowragy Spotify-da ýylda 100 müň dollardan gowrak girdeji gazanýar. Şolaryň arasynda 1250 aýdymçy ýylda 1 million dollardan gowrak, 60-sy bolsa 10 million dollardan gowrak pul gazandy.
Deňeşdirip görsek, 10 ýyl mundan ozal diňe 10 müň aýdymçy ýylda, iň bolmanda, 10 müň dollar gazanýardy. Spotify işe başlany bäri pudagyň umumy tölegleri takmynan 60 milliard dollar boldy.
Duetti hyzmaty Spotify-yň her 1000 diňleniş üçin aýdymça 3 dollar töleýändigini habar berdi. Deňeşdirmek üçin, 1000 diňleniş üçin:

  • YouTube - 4,8 dollar;
  • Apple Music – 6,2 dollar;
  • Amazon Music - 8,8 dollar töleýär (2024-nji ýyldaky maglumatlar).

Spotify-yň ösüşine pleýlist ulgamy we AI DJ funksiýasy ýardam edýär. Ýene bir möhüm faktory mahabatly mugt tarif hasaplanýar. Häzirki premium abonentleriniň 60%-i şu derejeden başlady. Häzirki wagtda platformanyň 252 million tölegli abonenti bar, kompaniýa bu görkezijini geljekde 1 milliarda ýetirmegi göz öňünde tutýar.

düýn 23:59
1.3k+

Ylalaşyk ýatyrylýar: Meta 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almakdan ýüz öwürdi

Amerikanyň Meta korporasiýasy Hytaý häkimiýetleriniň talap etmegi netijesinde, 2 milliard dollarlyk Manus startapyny satyn almak baradaky ylalaşygy bozmak işine başlady. CNBC agentliginiň maglumatyna görä,......

düýn 13:09
7.2k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

düýn 12:35
2k+

SpaceX taryhda iň uly IPO-ny geçirdi: kompaniýa $1,77 trln bilen bahalandyryldy

Ilon Maska degişli bolan SpaceX aerokosmos kompaniýasy özüniň gymmatly kagyzlaryny ilkinji gezek biržada ýerleşdirmek (IPO) çäresini geçirdi. «Reuters» habarlar agentliginiň ýazmagyna görä, bu waka bütin dünýä......

10.06.2026 11:08
1k+

Ferrari we HP bilelikde 4999 nusgalyk çäkli noutbuk tapgyryny çykararlar

Ferrari we HP kompaniýalary «HP Limited Edition Scuderia Ferrari AI PC» atly çäkli tapgyrdaky noutbuklaryny tanyşdyrdylar. Bu enjamlardan jemi 4999 nusga öndüriler we olaryň hersi aýratyn belgileniler....