Mazda soňky 28 ýylda ilkinji gezek logotipini täzeledi. Kompaniýa 105 ýyllygyny baýram edýär

  • 31.01.2025 09:40
  • 3.7k+

Ýapon awtoöndürijisi Mazda öz logotipini täzeledi. Nyşanyň täze dizaýny öňküsinden has tekiz we ýönekeý boldy diýip, Nikkei habar berýär.

Çarlagy ýada salýan öňki nyşan 1997-nji ýylda hödürlenipdi. Kompaniýa soňky 28 ýylda ilkinji gezek oňa üýtgeşme girizmek kararyna geldi. Umuman, täzelenen logotip ulanylyşyna baglylykda häzirki bilen ugurdaş hem ulanylyp bilner.
Täze minimalistik dizaýn ilkinji gezek 2024-nji ýylyň iýulynda internet torunda peýda boldy, şol wagt Mazda ony Ýaponiýanyň Patent edarasynda haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrdy.
Belläp geçsek, logotip baradaky habar kompaniýanyň 150 ýyllygynyň öňüsyrasynda peýda boldy. Kompaniýa 1920-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda esaslandyryldy, ýöne ilkinji awtomobilini (üç tekerli ýük ulagy) 1931-nji ýylda çykardy. Ilkinji ýeňil awtomobil, Mazda R360 Coupe, has giç – 1960-njy ýylda peýda boldy.
Ilkibaşda awtoöndüriji logotipde Mazda ýazgysynyň dürli gaýtalanmasyny ulandy. Ýönekeýleşdirilen şrift 1975-nji ýylda ilkinji gezek görkezildi. Soňra çarlagyň ganaty görnüşindäki nyşan peýda bolmazdan ozal 1991-nji ýylda romb şekilli logotip hödürlendi.
Soňky ýyllarda nyşanyň minimalistik bolmagy VW, Audi, Mini, BMW, Volvo, Lotus, Citroen, Renault, Nissan, Ford, Buick, Lancia, Lamborghini, Aston Martin, Geely we Jaguar ýaly köp awtoöndürijiler üçin trende öwrüldi.


18.01.2026 20:16
2.2k+

Mazda Ýewropada MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny bes etdi

Mazda Ýewropa bazarynda MX-30 R-EV awtoulagynyň satuwyny resmi taýdan bes etdi. Awtoulagyň doly elektrik nusgasy satuwdan öň aýrylypdy. Indi bolsa iki ýyl mundan ozal hödürlenen rotor ýangyç generatorly nusgasy hem sebitden çykýar...

14.11.2025 11:31
2.7k+

Mazda awtoulaglary diňe uglerod bitarap däl, eýsem uglerod otrisatel hem etmegi meýilleşdirýär

Ýaponiýanyň Mazda kompaniýasy diňe zyňyndylary nol derejä getirmek bilen çäklenmän, awtoulaglary uglerod otrisatel etmegiň üstünde hem işlejekdigini mälim etdi. The Drive neşiriniň ýazmagyna görä, konsepsiýa bioýangyç bilen işleýän we CO₂-ni siňdirýän ýörite ulgam bilen enjamlaşdyrylan ulagyň çykaryşyndan has köp kömürturşy gazyny özüne siňdirip biljekdigine esaslanýar...

14.07.2025 17:56
2.5k+

Mazda CX-5 krossoweriniň täze neslini görkezdi. Salon ulaldy we has oňaýly boldy

Mazda kompaniýasy CX-5 krossoweriniň üçünji neslini görkezdi. Model ulaldy, täzeden dizaýn edildi we salony täzelendi. 2025-nji ýylyň ahyrynda Ýewropada satylyp başlanar we awtoulag soňra beýleki bazarlarda hem peýda bolar...

25.06.2025 11:06
16k+

IIHS iň howpsuz awtoulaglary atlandyrdy. TOP 10-lygyň 9-sy Aziýa modelleri, diňe biri Mersedes

Ýol howpsuzlygy Amerikan instituty (IIHS) täzelenen Top Safety Pick+ reýtingini çykardy. Onda 2025-nji ýylyň iýun aýyna çenli ABŞ-da bar bolan iň ygtybarly ýeňil ulaglaryň sanawy ýerleşdirildi. Muňa gapdal urgulary...