«Sesden ýyndam»: Boom Supersonic uçary ilkinji gezek ses böwedinden geçdi

  • 30.01.2025 22:26
  • 7.7k+

Boom Supersonic XB-1 atly sesden ýyndam uçaryň prototipi (nusgawy modeli) synag uçuşyny üstünlikli tamamlap, ses böwedinden geçdi. Bu üstünlik ummanlaryň üstündäki uçuş wagtyny iki esse gysgaltjak Overture ýolagçy uçarynyň döredilmeginde möhüm ädim boldy diýip, CNN habar berýär.

28-nji ýanwarda Kaliforniýanyň (ABŞ) Mohawe çölünde Boom Supersonic kompaniýasynyň XB-1 atly sesden ýyndam uçarynyň taryhy uçuşy geçirildi. Uçar ilkinji gezek ses tizliginden geçip, 10 müň metrden ýokary belentlikde 1,1 Mah tizlige ýetdi.
Boom Supersonic kompaniýasy 2014-nji ýylda Koloradoda esaslandyryldy we ýolagçy gatnadýan, sesden ýyndam uçarlary öndürmek bilen meşgullanýar. XB-1 – geljekde transatlantik gatnawlar üçin niýetlenýän Overture ýolagçy uçarynyň nusgawy modelidir.
Taryhy uçuşdan öň, XB-1 jemi 450 minut dowam eden 11 synagdan geçirildi. Öňki synag uçuşlarynyň birinde, ýagny 2025-nji ýylyň 10-njy ýanwarynda uçar 0,95 Mah (takmynan 1172 km/sagat) tizlige ýetipdi.

Iň soňky synagda bolsa XB-1 ilkinji gezek ses böwedinden geçdi. Synag uçuşy ýerli wagt bilen sagat 08:00-da (Aşgabat wagty bilen 21:00-da) başlady we 22 minutdan soň uçar uçuryldy. 12 minut soň bolsa, 1,1 Mah tizlige ýetdi.
Bu üstünlik Overture ýolagçy uçarynyň mundan soňky ösüşi üçin tehnologiýalaryň taýyndygyny görkezýär. Täze uçaryň 64-80 ýolagçyny 1,7 Mah tizlikde gatnatmagyna garaşylýar.
Bu uçarlaryň esasy artykmaçlygy – uçuş wagtynyň gysgaldylmagydyr. Mysal üçin, adaty uçarda London-Nýu-Ýork aralygy uçuş 7-8 sagat dowam edýän bolsa, Overture bu aralygy bary-ýogy 3,5 sagatda geçip biler.
Emma sesden ýyndam uçarlaryň käbir kynçylyklary hem bar. Olaryň arasynda ýangyjyň köp sarp edilmegi bar. Şeýle-de ses böwedinden geçilende döreýän ses tolkuny (sonik partlama), ilatly nokatlaryň üstünde sesden ýyndam tizlige ýetmegi çäklendirýär.
Boom Supersonic kompaniýasy XB-1 uçarynyň üstünligini uly ösüş hökmünde kabul edýär. Bu netije geljekde sesden ýyndam uçuşlar üçin ekologiýa taýdan arassa we täsirli çözgütleri döretmäge ýardam berer diýip umyt edýärler.

şu gün 10:01
703

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....

düýn 19:32
2k+

Goşmaça ýarym milliard ýyl peýda boldy: alymlar Ýerdäki ösümlikleriň gyryljak möhletini yza süýşürdi

Hünärmenler örän uzak geljekde Ýerdäki global prosesleri suratlandyrýan üç ölçegli klimat modelini gurup, gury ýerdäki ösümlikleriň ýene-de 1,35-den 1,87 milliard ýyla çenli ýaşap biljekdigini anyklady. Bu......

18.06.2026 11:16
2.6k+

Gazagystanly talyplar mars rowerini döretdiler

​Nazarbaýew Uniwersitetiniň talyplary nätanyş ýerleri öwrenmäge, resurslary gözlemäge we GPS ulgamy bolmazdan adatdan daşary kyn şertlerde özbaşdak ugur kesgitlemäge ukyply mars rowerini (marsohod) işläp......

17.06.2026 11:18
1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....