Türkmenistanda XI we XII synp okuwçylary üçin täze okuw kitaplary çykaryldy

  • 30.01.2025 15:48
  • 8.1k+

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi boýunça Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylary üçin okuw kitaplary çykaryldy. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär.

XI synpyň okuwçylary üçin «Türkmen dili» okuw kitaby. Awtorlary - awtorlar N.Garaýew, Ý.Ballyýew, B.Baýjanow, G.Sahatowa we N.Möwlamowa.
Kitap okuwçylaryň ýaş aýratynlyklary nazarda tutulyp, okatmagyň esasy didaktiki usullary esasynda taýýarlanylypdyr. Kitapda türkmen diliniň funksional stili, onuň aýratynlyklary, uzyn we gysga bogunlaryň, çekimli sesleriň aýdylyşy bilen bagly we orfoepik kadalar giňden beýan edilýär. Şeýle hem kitapda diliň fonetiki serişdelerine, intonasiýanyň düzgünlerine, söz we logiki basymlara, orfografik kadalara garalýar. Ulanmakda oňaýly bolmagy hem-de okuwçylaryň sapaklary oňat özleşdirmekleri üçin kitapda orfografik sözlük ýerleşdirilipdir. Kitap ýokary synpyň okuwçylary üçin niýetlenilip, dilden gürlemek, dogry aýtmak, häzirki zaman türkmen edebi dilinde grammatiki we orfografik düzgünleri ulanmak başarnyklaryny ösdürmäge ýardam eder.
XI synp okuwçylary üçin «Dünýä taryhy» okuw kitaby. Awtorlary J.Hatamow we J.Gurbangeldiýew.
Kitapda ХХ-ХХI asyrlaryň dünýä taryhynyň wakalary, hususan-da, 1946-njy ýyldan 2000-nji ýyllar aralygyndaky döwrüň wakalary beýan edilýär. Neşirde Ikinji jahan urşundan soň, döwletleriň täzeden dikeldilişi, dünýäniň ýurtlarynyň syýasy ulgamlary, halkara gatnaşyklarynyň taryhy, käbir ýurtlaryň syýasy, ykdysady we medeni ösüşiniň aýratynlyklary hem-de olaryň jemgyýetiň ösüşine goşandy barada gürrüň berilýär.
Kitapda XX asyryň ahyryndaky wakalara aýratyn üns berilýär, şol döwürde SSSR-iň düzümine giren döwletleriň garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen baglanyşykly bolup geçen özgertmeler beýan edilýär. Kitap dünýä ýurtlarynyň daşary syýasaty, Garaşsyz Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ösdürilişi diýen temalar boýunça gyzykly materiallary özünde jemleýär. Türkmenistanyň gatnaşyklary ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň halkara hukuk derejesiniň ýörelgeleri esasynda ýola goýuldy.
XII synplary üçin niýetlenilen «Le français» okuw kitaby. Awtorlary T.Atdaýewa, M.Amanowa we G.Amanowa.
Kitap bilim maksatnamasyna laýyklykda taýýarlanylypdyr we aşakdaky bölümleri özünde jemleýär: «Meniň maşgalam», «Meniň gündelik durmuşym», «Men we jemgyýet», «Meniň Watanym», «Men we tebigat», «Men we medeniýet», «Syýahatçylyk».
Kitapda dili öwrenilýän ýurt barada, onuň däpleri, taryhy we medeni mirasy, şeýle hem Fransiýanyň häzirki zaman ösüşi hakynda gyzykly maglumatlar berlipdir. Tematiki materiallar owadan suratlar bilen bezelipdir, bu bolsa okuw gollanmanyň gymmatyny artdyrýar.
Kitap fransuz dilinde okamak, ýazmak, düşünmek hem-de öz pikiriňi beýan etmek başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem halkara ulgamda medeniýetleriň we däpleriň özara baglanyşygyny ösdürmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.


düýn 23:39
684

Aşgabatda on sany talyp we mekdep okuwçysy «Hytaýyň ilçisiniň talyp hakyny» aldy

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynda «Hytaýyň ilçisiniň talyp haky» baýragyny gowşurmak dabarasy geçirildi. Hytaý dilini, medeniýetini we däp-dessurlaryny öwrenmekde ýokary netijeleri......

düýn 10:02
1.7k+

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
2k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4.1k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......