Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi “Rostowyň” oýunçysy boldy

  • 29.01.2025 11:54
  • 14k+

Russiýanyň “Rostow” futbol kluby Türkmenistanyň milli ýaşlar ýygyndysynyň 18 ýaşly hüjümçisi Denis Titow bilen şertnama baglaşdy. Futbolçy eýýäm BAE-de geçirilýän okuw-türgenleşik ýygnanyşyklarynda esasy topara goşuldy diýip, toparyň metbugat gullugy habar berýär.

Şertnamanyň möhleti aýdylmaýar.

“Denis Titow – “Rostow” FK-nyň oýunçysy! 18 ýaşly hüjümçi biziň klubumyz bilen şertnama baglaşdy. Denis – Aşgabadyň çagalar-ýetginjekler Olimpiýa ätiýaçlyk sport mekdebiniň ýetişdiren oýunçysy. Ol Türkmenistanyň ýetginjekler we ýaşlar ýygyndylarynda çykyş etdi. Häzirki wagtda oýunçy “Rostowyň” esasy topary bilen bilelikde BAE-de okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryna gatnaşýar. Denisi garşylaýarys we klubumyzyň düzüminde üstünlikleri arzuw edýäris” – diýlip, “Rostowyň” metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Denis – merkezde ýa-da gapdalda hereket edip, hüjümçi ýarymgoragçy we hüjümçi hökmünde oýnamaga ukyply bolan köptaraply oýunçy, ýöne onuň esasy roly – çep winger. Ol geçen ýylyň noýabr aýynda 18 ýaşyny doldurdy. Ol “Altyn Asyryň” hüjümçisi Mihail Titowyň körpe doganydyr.
Türkmenistanyň U17 milli ýygyndysy üçin Denis Titow üç oýna gatnaşyp, bir gol geçirdi.
Häzirki möwsümde “Rostow” Russiýanyň Premýer-ligasynyň 18 tapgyrynyň jemi boýunça 26 utuk bilen ýedinji orny eýeleýär.


düýn 14:15
10k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 17:52
4.6k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 13:42
5.8k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......