Afrika Milletleriniň Kubogy-2025-iň bijeleri çekildi

  • 28.01.2025 23:59
  • 4.8k+

28-nji ýanwara geçilýän gije Marokkonyň paýtagty Rabatda 2025-nji ýylda geçiriljek Afrika Milletleriniň Kubogy ugrundaky ýaryşyň bijeleri çekildi.

Ýygyndy toparlar alty sany dörtlük topara bölündi:

  • A topar: Marokko, Mali, Zambiýa, Komor adalary;
  • B topar: Müsür, Günorta Afrika Respublikasy, Angola, Zimbabwe;
  • C topar: Nigeriýa, Tunis, Uganda, Tanzaniýa;
  • D topary: Senegal, Kongo Demokratik Respublikasy, Benin, Botswana;
  • E topar: Alžir, Burkina-Faso, Ekwatorial Gwineýa, Sudan;
  • F topar: Kot-d’Iwuar, Gabon, Kamerun, Mozambik.

Ýaryş Marokkoda 2025-nji ýylyň 21-nji dekabryndan 2026-njy ýylyň 18-nji ýanwary aralygynda geçiriler.
Ýaryşyň häzirki çempiony Afrika Milletler Kubogy-2024-üň final tapgyryny kabul eden Kot d'Iwuardyr. Finalda iwuarlylar Nigeriýanyň milli ýygyndysyny ýeňdi. Günorta Afrika Respublikasy üçünji ýeri eýeledi.


düýn 23:00
680

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.8k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

11.05.2026 22:47
7.9k+

Gurban Berdiýew «Turan Towuz» toparyny ýewrokubok ýaryşlaryna çykardy

Gurban Berdiýew ýewrokuboklara dolanýar. Türkmen tälimçisiniň ýolbaşçylyk edýän «Turan Towuz» topary häzirki möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynyň netijeleri boýunça, iň bolmanda, üçünji orny özüne kepillendirdi......