Goal neşiri futbol taryhynyň iň gymmat «peýdasyz» transferlerini atlandyrdy

  • 28.01.2025 11:01
  • 10k+

Abraýly Goal.com neşiri futbol taryhyndaky iň gymmat 19 «peýdasyz» transferiň sanawyny düzdi.

Sanawyň başyny fransuz hüjümçi Usman Dembeleniň Dortmundyň "Borussiýasyndan" "Barselona" geçişi çekýär. Ikinji orunda belgiýaly hüjümçi Eden Azaryň "Çelsiden" "Reala" geçişi, üçünji orunda bolsa başga bir katalon transferi – Filippe Koutinýonyň "Liwerpuldan" "Barselona" geçişi ýerleşýär.
Sanawyň ilkinji üçlügine ýakyn ýerde bolsa braziliýaly ýyldyz futbolçy Neýmar durýar. Ol "PSŽ-den" Saud Arabystanynyň "Al-Hilýal" toparyna geçdi. Neýmar bu kluba uly umyt bilen getirilse-de, ilkinji möwsümiň aglaba bölegini çep bognunyň we dyz çanagyndaky kekirdewüginiň şikesleri sebäpli sypdyrdy. Neýmar bu sanawda iki orunda ýerleşdirildi – onuň "Barselonadan" "PSŽ-e" geçişi 17-nji orny eýeledi.
Mundan başga-da, belgiliýaly hüjümçi Romelu Lukaku hem sanawda iki gezek görkezilýär – "Interden" "Çelsä" we "Ewertondan" "Mançester Ýunaýtede" geçişleri bilen.

Futbol taryhynyň iň gymmat «peýdasyz» transferleriniň top-19 sanawy:

  1. Usman Dembele – "Borussiýadan" "Barselona" (awgust 2017 – €135 mln)
  2. Eden Azar – "Çelsiden" "Reala" (iýul 2019 – €120,8 mln)
  3. Filippe Koutino – "Liwerpuldan" "Barselona" (ýanwar 2019 – €135 mln)
  4. Neýmar – "PSŽ-den" "Al-Hilýala" (awgust 2023 – €90 mln)
  5. Antoni – "Aýaksdan" "Mançester Ýunaýtede" (awgust 2022 – €95 mln)
  6. Romelu Lukaku – "Interden" "Çelsä" (awgust 2021 – €113 mln)
  7. Pol Pogba – "Ýuwentusdan" "Mançester Ýunaýtede" (awgust 2016 – €105 mln)
  8. Žoau Feliks – "Benfikadan" "Atletiko" (ýanwar 2019 – €127,2 mln)
  9. Nikolýa Pepe – "Lillden" "Arsenala" (awgust 2019 – €80 mln)
  10. Randal Kolo Muani – "Aýntrahtdan" "PSŽ-e" (awgust 2023 – €95 mln)
  11. Jek Griliş – "Aston Willadan" "Mançester Sitä" (iýul 2021 – €117,5 mln)
  12. Antuan Grizmann – "Atletikodan" "Barselona" (awgust 2019 – €120 mln)
  13. Alwaro Morata – "Realdan" "Çelsä" (ýanwar 2018 – €66 mln)
  14. Romelu Lukaku – "Ewertondan" "Mançester Ýunaýtede" (iýul 2017 – €84,7 mln)
  15. Garri Maguaýr – "Lester Sitiden" "Mançester Ýunaýtede" (awgust 2019 – €87 mln)
  16. Kepa Arrisabalaga – "Atletikadan" "Çelsä' (awgust 2018 – €80 mln)
  17. Neýmar – "Barselonadan" "PSŽ-e" (awgust 2017 – €222 mln)
  18. Zlatan Ibragimowiç – "Interden" "Barselona" (iýul 2009 – €69,5 mln)
  19. Hames Rodriges – "Monakodan" "Reala" (iýul 2014 – €75 mln)

şu gün 11:36
2k+

«Býörnli» APL-dan aşaky liga düşse-de, çempion bolan «Barselonadan» köp gazanar

Angliýanyň Premýer-ligasynda 19-njy orny eýelän «Býörnli» kluby Çempionşipe düşer we möwsümiň netijeleri boýunça töleg hökmünde takmynan 50 million funt sterling (57,5 million ýewro) alar....

düýn 09:55
4.1k+

«Aston Willa» Unai Emeri bilen ilkinji gezek Ýewropa ligasynyň ýeňijisi boldy

21-nji maýa geçilen gije Ýewropa ligasynyň final duşuşygy boldy we «Aston Willa» topary «Fraýburgy» utmagy başardy. Oýun Türkiýäniň Stambul şäherindäki «Tüpraş» stadionynda geçirildi....

20.05.2026 23:01
7k+

Dünýä çempionatynda boljak yssydan howatyr edýän futbolçylar FIFA açyk hat ýazdylar

Dünýäniň dürli ýurtlarynyň futbolçylary Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) açyk hat ýollap, ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda oýunçylary aşa yssy howadan goramak......

18.05.2026 21:08
6.6k+

Dani Karwahal 13 ýyldan soň «Real» bilen hoşlaşýar

Çempionlar ligasynyň alty gezek ýeňijisi, ispaniýaly goragçy Dani Karwahal möwsüm tamamlanandan soň, Madridiň «Realyndan» gider. Bu barada futbol klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....