Neýmar “Santosa” geçýär. Geleşik şu hepde resmileşdiriler - Fabrisio Romano

  • 27.01.2025 19:56
  • 12k+

Saud Arabystanynyň "Al-Hilýal" toparynyň hüjümçisi Neýmar karýerasyny Braziliýanyň “Santosynda” dowam etdirer. Bu barada abraýly insaýder Fabrisio Romano habar berdi. Žurnalistiň sözlerine görä, taraplar eýýäm dilden ylalaşyk gazandylar.

Şu hepde geleşigiň gutarnykly resmileşdirilmegine garaşylýar.
Owal Footmercato neşiri Neýmaryň “Santosa” geçmegiň hatyrasyna aýlyk hakynyň düýpli azaldylmagyna taýýardygyny habar beripdi. Braziliýaly futbolçy Saud Arabystanynyň kluby bilen şertnamasynyň möhletiniň gutarmagyna entek alty aý töweregi wagtyň bardygyna garamazdan, şu aýda dogduk klubuna gaýdyp barmak isleýär.
Braziliýaly oýunçy Neýmaryň häzirki wagtda şertnama baglaşan “Al-Hilýalynda” geçen ýyl 101 million ýewro gazanandygyny ýatladýarys. Şeýle-de bolsa, şikesler sebäpli futbolçy meýdançada bary-ýogy üç gezek çykyş edip, jemi 42 minut oýnady. Emma bu klubuň üstünlik gazanmagyna päsgel bermedi. Geçen möwsümde “Al-Hilýal” 31 ýeňiş gazandy we bir gezek hem utulman, üç gezek deňme-deň boldy. Topar çempionlygy gazandy we täze möwsümde ýene-de birinji orny eýeledi we ýurduň Super kubogyny aldy.
Neymar “Santosda” tälim alyp ýetişen futbolçy. Ol bu klubda 2009- 2013-nji ýyllara çenli, “Barselona” geçýänçä oýnady.
Futbolçy fewral aýynda 33 ýaşyny doldurar.


şu gün 08:32
1.9k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.3k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.2k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......

düýn 09:11
4.5k+

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......