ABŞ-nyň Birinji hanymy Ak tamdaky durmuşy barada dokumental film çykarar

  • 27.01.2025 11:18
  • 13k+

ABŞ-nyň Prezidentiniň aýaly Melaniýa Tramp Ak tamdaky durmuşy barada dokumental film döretmegi meýilleşdirýär. Taslama Amazon Prime akym platformasynda elýeterli bolar.

Daily Mail neşiriniň habar bermegine görä, filmi surata düşürmek üçin Birinji hanym tutuş surata düşüriji topar bilen rezidensiýa göçer. Amazon Prime-yň bu taslama maýa goýum mukdary 40 mln dollar bolup, onuň bir bölegini Melaniýanyň özi alar, çünki ol filmiň prodýuseri bolup çykyş edýär.
Belläp geçsek, Melaniýa Ak tama Donald Trampyň ikinji möhletinde göçmek kararyna geldi. Trampyň birinji prezidentliginde ol Nýu-Ýorkda mekdebe gatnaýan ogly Berron bilen galdy.
Ýatlap geçsek, Donald Trampyň ABŞ-nyň Prezidenti hökmünde kasam kabul ediş dabarasy 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda geçirildi. Ol saýlawlarda demokrat Kamala Harrisden öňe geçip, ýeňiş gazandy. Mundan öň Tramp 2017 – 2021-nji ýyllarda döwlet Baştutany wezipesini eýeledi.  


şu gün 00:57
2.7k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......