Google barmak yz skaneri arkaly Android telefonlarda goragy güýçlendirýär

  • 26.01.2025 16:19
  • 2.5k+

Google sanly hasaplary telefonyň ogurlanmagyndan goramak maksady bilen, Android 15 ulanyjylary üçin täze howpsuzlyk funksiýasyny işe girizýär. «Identity Check» (Şahsyýet Barlagy) diýlip atlandyrylýan bu funksiýa, ulanyjynyň ygtybarly ýerde bolmadyk wagtynda, meselem, öýde ýa-da iş ýerinde däl mahaly, hasap we enjam sazlamalaryna girmek üçin biometriki taýdan tassyklanmagy talap edýär diýip, The Verge neşiri habar berýär.

Identity Check enjamyň PIN koduny üýtgetmek, ogrulyga garşy goragy öçürmek, Find My Device (Enjamymy Tap) funksiýasyny öçürmek, enjamy başky sazlamalaryna gaýtarmak we biometriki maglumatlary üýtgetmek ýaly möhüm sazlamalary goraýar.

Google täze funksiýanyň işe girizilmegi bilen bagly blog ýazgysynda: «Ogurlanan enjam, başgalaryň eline düşen ýagdaýynda, gizlin maglumatlaryňyzy paş etmek, şahsyýetiňizi ogurlamak, maliýe galplyklary we gizlinligi bozmak ýaly howplara sezewar edip biler» diýip, bu funksiýanyň näderejede möhümdigini düşündürýär.

Bu funksiýa geçen ýylyň dekabr aýynda Pixel Drop täzelenmesiniň bir bölegi hökmünde synag görnüşinde peýda bolupdy. Funksiýa, öňümizdäki hepdelerde Galaxy AI aýratynlyklary bilen gelýän One UI 7 täzelenmesini aljak Samsung Galaxy enjamlarynda elýeterli bolar. Şeýle hem, şu ýylyň ahyrynda bolsa beýleki öndürijileriň enjamlarynda elýeterli bolar.
Mundan öň, Apple hem «Stolen Device Protection» (Ogurlanan Enjam Goragy) atly şuňa meňzeş funksiýany hödürläpdi. Bu funksiýa, iPhone ulanyjylary parollaryny girizip durkalar olary synlap, enjamy ogurlandan soň şol paroly ulanyp, şahsy maglumatlara girmäge ýa-da eýesini hasapdan blokirlemäge synanyşýan jenaýatçylaryň öňüni almak üçin niýetlenýär.


11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

05.05.2026 15:24
993

Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy....