Tebigat hem ýolsuz ýerler üçin niýetlenen Suzuki Jimny Conqueror görkezildi

  • 23.01.2025 19:59
  • 10k+

Hindistanda geçirilen “Global Mobility Expo 2025” sergisinde çöl we dag şertlerinde syýahat etmek üçin niýetlenen, bäş gapyly Suzuki Jimny Conqueror tanyşdyryldy. Model “täze dizaýny görkezmek” we “müşderileriň pikirini ýygnamak” maksady bilen görkezildi. Tehniki aýratynlyklarda ýa-da şassi ulgamynda hiç hili üýtgeşme girizilmedi. Täzelikler, esasan, goşmaça enjamlar we daşky görnüş bilen baglanyşykly boldy diýip, ithome portaly habar berýär.

Awtomobil adaty wnedorožnik stili bilen has güýçli bezelen, goşmaça off-road aksessuarlar bilen enjamlaşdyrylan. Ulagyň kuzowy meleden gara reňke geçýän ýalpyldamaýan gradient görnüşinde boýalan we gapdalynda Jimny 4x4 ýazgysy bar.
Ulagyň öň tarapy täze radiator gözenegi we kuzow reňkine gabat gelýän gaplama elementler bilen bezelen. 16 dýuým ululykdaky ýeňil alýumin tekerler ýörite wnedorožnik şinalary bilen sazlaşýar. Mundan başga-da, ulag lebýodka, suwly ýerlerden geçmek üçin kömekçi şnorkel, arka merdiwan, palta, üçekde ýük ýeri, gar zynjyrlary we goşmaça ýag-ýangyç gaplary ýaly gurallar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan.
Jimny, 1,5 litrlik K15B atmosferaly hereketlendiriji bilen üpjün edilýär, onuň iň ýokary kuwwaty 105 at güýjüne we iň ýokary momenti 134 Nm barabardyr. Ulag islege görä, 5 basgançakly mehaniki ýa-da 4 basgançakly awtomatik karobka bilen enjamlaşdyrylyp bilner. Ulag ýerden 210 mm beýiklikde bolup, 36 gradus ýakynlaşma (въезда) we 50 gradus uzaklaşma (съезда) burçuna eýe.

düýn 23:24
727

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

düýn 23:03
482

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

düýn 09:33
5.6k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

12.05.2026 19:02
1.4k+

Elektrikli BMW iX3 benzinli X3 M50-den has arzan we kuwwatly boldy

BMW-niň Amerikan bölümi ABŞ-nyň bazary üçin täze BMW iX3 50 xDrive elektrokrossoweriniň esasy aýratynlyklaryny mälim etdi. Modeliň iň uly artykmaçlyklarynyň biri - geçip bilýän aralygy boldy. EPA-nyň baha......