Mercedes-Benz E-Class 2025 üç hatar oturgyçly alty metrlik görnüşde çykar

  • 23.01.2025 15:02
  • 9.6k+

Mercedes-Benz E-Class 2025 üç hatar oturgyçly alty metrlik täze görnüşde hödürlener. Onuň nusgasy Binz nemes kompaniýasy tarapyndan geçirilýän synaglar wagtynda göze ildi. Bu kompaniýa Mercedes awtoulaglaryny ýörite maksatlar üçin ulanmak boýunça täzeden işlemek bilen tanalýar diýip, Carscoops habar berýär.

E-Class-yň esasynda döredilen awtoulagyň gabarasy, hatda flagman S-Class-yňkydan hem uly bolar. Kompaniýa bu görnüşdäki iň soňky limuzini 2010-njy ýylda öndürmek bilen, adaty sedany 1,13 metre çenli uzaldypdy. Täze wersiýa sowutlama örtmegi hem goşmak bilen, giň personal mümkinçiliklerini hödürlär.
Alty gapyly nusga 201 at güýjüni öndürýän 2,0 litrlik we torky 320 Nm bolan turbo görnüşli dört silindrli hereketlendiriji bilen işleýär. Bu hereketlendiriji adaty E200 modeline 7,5 sekuntda 100 km / sag-a çenli tizlenmäge we sagatda 240 km aňrybaş tizlige ýetmäge mümkinçilik berýär.
Goşmaça üçünji hatar oturgyçly görnüşi korporatiw we hökümet pudaklaryna, şeýle hem giňişlige we rahatlyga aýratyn gadyr goýýan müşderilere niýetlenendir.
Binz Mercedes-i tiz kömek, serkerde, döwlet, ýas ulaglaryna we limuzinlere öwürmeklige ýöriteleşendir.


03.06.2026 11:52
7.3k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....

30.04.2026 16:52
4.5k+

Mercedes tankytlardan soň awtomobillere fiziki düwmeleri gaýtaryp getirmek kararyna geldi

Mercedes kompaniýasy awtomobilleriň salonyndaky dolandyryş ulgamyna bolan çemeleşmesini täzeden gözden geçirýär we sanly ekranlary saklap galmak bilen, esasy funksiýalar üçin fiziki düwmeleri yzyna gaýtarmaly......