Türkmen alymlary hapa suwlary arassalaýan biologik organiki süzgüç döretmek boýunça iş alyp barýarlar

  • 22.01.2025 23:21
  • 3.5k+

Türkmenistanda organik galyndylar bilen hapalanan suwlary arassalaýan biologik organik süzgüç ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça ylmy gözleg we synag işleri alnyp barylýar. Bu barada "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Synag işleri Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň alternatiw energiýa çeşmeleri tehnologiýalary we ölçeg serişdeleri barlaghanasynda geçirilýär. Bu işde maldarçylyk toplumlarynyň hapa suwlaryna aýratyn üns berilýär.
Suwy arassalamagyň esasy strategiýalarynyň biri-de süzgüç ýaly gözenekli serişdeleri ulanmakdyr. Barlaghananyň müdiri Meretmuhammet Hudaýberdiýewiň belleýşi ýaly, süzgüçleriň köpüsi sintetik organik molekulalardan ýasalýar. Eýsem-de, türkmen hünärmenleri ösümliklerde duş gelýän tebigy molekulalara esaslanýan biologik süzgüç döretdiler.

– Biz düzüminde ellaga kislotasy bolan nar gabygyny, gaýtadan işlenen goýun ýüňüni we beýleki ösümlik böleklerini birleşdirip, has köp gözenekli täze süzgüç görnüşini döretdik – diýip, Meretmuhammet Hudaýberdiýew gürrüň berýär.


Işjeň dermanlyk serişdeler ýaly ýüze çykýan organik hapalaýjy maddalary ýok etmek meselesiniň barha artýandygyny göz öňünde tutmak bilen, suw arassalaýjy desgalar täze tehnologiýalaryň we serişdeleriň işlenip düzülmek zerurlygy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Türkmen alymlary tarapyndan döredilen biosüzgüçler daşky gurşawa zyýan ýetirip biljek sintetik süzgüçleriň ekologiýa taýdan arassa oruntutarydyr.

Tebigy düzüm bölekleri esasynda döredilen süzgüç nar gabygy we goýun ýüňi ýaly ösümlik esasly organik materiallardan ýasalan süzgüçli gaby öz içine alýar. Beýleki ösümlikler bilen birleşdirilen bu elementler dürli görnüşdäki hapalaýjylary suw gurşawyndan netijeli aýyrmaga ukyply ýokary gözenekli gurluşy emele getirýär.
Ýüň süýümleriniň üç gatly gurluşy öz içine alýan çylşyrymly düzümi bar: teňňe görnüşli gabyk gatlagy (kutikula), epikutikulu we gaty gabyk gatlagy. Kutikula ýepbeşen öýjüklerdir, epikutikula ýokary himiki garşylykly membranaly gurluşdyr, gaty gabykly gatlak bolsa süýümiň esasy bölegini emele getirmek bilen, onuň fiziki, mehaniki we himiki häsiýetlerini kesgitleýär. Düzüminde alanin, arginin, aspargin kislotasy we beýleki aminokislotalaryň barlygy sebäpli, ýüň metal ionlary babatynda ýokary sorujylyk häsiýetine eýedir.
Geçirilen ylmy gözlegler biologik süzgüçleriň dürli dermanlyk hapalaýjylary, metal ionlaryny, şeýle hem organiki däl (toprak, organiki däl duzlar, kislotalar we aşgarlar) we organiki maddalary (nebit önümleri, organiki kislotalar), şol sanda kömelekler we bakteriýalar ýaly biologik önümleri suwdan belli-külli ýok edýändigini tassyklady.


şu gün 10:53
1.1k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

şu gün 09:54
2.9k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

düýn 23:37
3.5k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

düýn 15:40
1.9k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....