Leon Edwardsyň Maddalena bilen söweşi UFC Fight Night 255-iň esasy wakasy bolar

  • 21.01.2025 17:51
  • 7.7k+

22-nji martda Londonda geçiriljek UFC Fight Night 255 ýaryşynda guramanyň ýarym orta agramda öňki çempiony Leon Edwards bilen awstraliýaly Jek Della Maddalena duşuşar. Söweş agşamyň esasy wakasy bolar.

Edwards üçin bu söweş 2024-nji ýylyň iýul aýynda UFC 304-de ýeňlenden soň aýaga galmaga mümkinçilik bolar. Şol wagt ol emin agzalarynyň biragyzdan karary bilen Belal Muhammaddan ýeňlip, çempion titulyny ýitiripdi. 32 ýaşly britaniýalynyň hasabynda 22 ýeňiş we dört ýeňliş bar. Bir söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy.
Jek Della Maddalena häzir ýeňişli tapgyrda barýar. Ol soňky söweşinde 2024-nji ýylyň mart aýynda geçirilen UFC 299-da Gilbert Bernsi üçünji raundda nokauta düşürip ýeňdi. Onuň hasabynda 17 ýeňiş bilen iki ýeňliş bar.


07.06.2026 20:02
6.2k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
6.9k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......

01.06.2026 10:58
6.6k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......