Kluni, Juliýa Roberts... bilen duşuşyklar satylýar. ABŞ-da haýyr-sahawat auksiony yglan edildi

  • 21.01.2025 14:28
  • 5.2k+

SoCal gaznasy Golliwudyň ýyldyzlary bilen duşuşmak mümkinçiligini hödürleýän haýyr-sahawat gaznasyny işe girizdi. Alnan serişdeler Kaliforniýadaky ýangynlardan ejir çekenlere kömek üçin iberiler diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Gaznanyň teklipleriniň arasynda şular bar: Juliýa Roberts bilen günortanlyk nahary, Brodweýiň “Gijäňiz rahat bolsun we şowlulyk” premýerasy we Jorj Kluni bilen duşuşyk üçin petekler, “Bir binadaky ölüm” (Убийство в одном здании) serialynyň surata düşürilen meýdançasyna baryp görmek, “Ýura eýýamynyň dünýäsiniň dikelmegi” (Возрождение мира юрского периода) filminiň premýerasynda Skarlett Ýohansson bilen gürrüňdeşlik, Larri Dewid we Dok Riwers bilen golf oýnamak, aktýorlar düzümi bilen “Ak lotosyň” premýerasyna petekler.
Haýyr-sahawat çäresine gatnaşan her bir adam bagyş edýän mukdaryna garamazdan ýyldyzlar bilen duşuşygy ýa-da premýera üçin petek gazanyp biler.
Aýdym-saz jemgyýeti hem haýyr-sahawat aksiýalaryna işjeň gatnaşmagy dowam etdirýär.
30-njy ýanwarda Kaliforniýanyň Inglwud şäherindäki Intuit Dome we Kia Forum meýdançalarynda FireAid haýyr-sahawat konserti geçiriler. Oňa Billi Aýliş, Ledi Gaga, Red Hot Chili Peppers, Earth, Wind & Fire, Green Day, Keti Peri, Jelly Roll, Joni Mitçell, Lil Baby, P!nk  we beýleki ýyldyzlar gatnaşar.
Konsert AMC Theatres kinoteatrlarynda, şeýle-de Apple Music, Apple TV, Max, Netflix Tudum, Paramount+, Prime Video, Spotify, SoundCloud, YouTube ýaly platformalarda görkeziler. Tomaşaçylar tomaşa wagty haýyr-yhsan edip biler. Çäre üçin petek satuwy 22-nji ýanwarda başlaýar.
Petek satuwyndan we onlaýn ýaýlymlardan alnan serişdeler hem ejir çeken maşgalalara goldaw bermäge, infrastrukturany dikeltmäge hem-de ýangynlaryň öňüni almak boýunça çärelere gönükdiriler.
Şeýle-de, kanadaly aýdymçy The Weeknd-iň Los-Anjelesiň ýaşaýjylaryna we ýangyn söndürijilere kömek üçin 1 mln dollar bagyş edendigi habar berilýär. Aýdymçy bu serişdeleri birnäçe ýöriteleşdirilen gaznalara iberer diýip, Variety ýazýar.


düýn 00:57
4.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......