Kia faralarynyň näsazlygy sebäpli 74 müň Sorento-ny yzyna çagyrýar

  • 21.01.2025 12:29
  • 3.5k+

Kia kompaniýasy düýpli kemçiliginiň bardygy sebäpli 2024-nji we 2025-nji ýyllarda çykan 74 469 sany Sorento krossowerini yzyna çagyrýar. Kuzowynyň dolandyryş bölüminde (BDC) faralaryň we çyralaryň işini bökdäp, ýolda howply ýagdaýyň döremegine sebäp bolup biljek programma üpjünçiliginiň ýalňyşlygy ýüze çykdy.

32Cars.ru-nyň habar bermegine görä, bu kemçilik diňe bir içinden ýandyrylýan hereketlendirijili adaty modellere degişli bolman, eýsem gibrid we plug-gibridlere-de täsir edýär. Yzyna çagyrylan ulaglaryň 63 782-sinde adaty benzin hereketlendirijileri, galanlarynda gibrid gurluşlary bar.
Meseläni çözmek üçin Kia ygtyýarly söwda dellallarynda BDC bölümi üçin mugt programma üpjünçiligini hödürleýär. Näsazlygy aradan aýyrmak üçin awtoulag eýelerinden hyzmat merkezlerine ýüz tutmak haýyş edilýär.
Şuňa meňzeş mesele öň Awstraliýada 2023-nji we 2024-nji ýyllarda çykan 5 978 sany Sorento krossowerinde tapylypdy.


şu gün 12:31
455

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.5k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......