Porsche pikirini üýtgetdi: benzinli Macan-yň önümçiligi dowam etdiriler

  • 20.01.2025 18:03
  • 3.2k+

Porsche kompaniýasy, modeli diňe elektrikli görnüşe öwürmegi meýilleşdirendigine garamazdan, Macan krossoweriniň benzin görnüşiniň ömrüni uzaltmagy karar etdi. Bu karar diňe bir içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglara bolan islegiň saklanýandygy bilen bagly bolman, eýsem Taycan elektrik awtoulagynyň satuwynyň peselmegi bilen hem baglanyşyklydyr diýip, Tarantas.news habar berýär.

Porsche-niň maliýe direktory kompaniýa içinden ýandyrylýan hereketlendirijileriň geljeginiň bardygyny görýändigini, hatda ony deslap elektrikli görnüş hökmünde göz öňünde tutulan modellere-de birikdirmegiň tärlerini gözleýändigini aýtdy.
Benzin bilen işleýän Macan üçin ösüşiň birnäçe ýoly bar. Olardan biri, häzirki wersiýanyň gaty meşhur bolany üçin, modeliň täze neslini döretmekdir. Ýene bir ýoly, awtoulagy häzirki zamanyň daşky gurşaw bilen bagly talaplaryna uýgunlaşmagyna mümkinçilik berýän restaýlingdir.
Ýewropada içinden ýandyrylýan hereketlendirijili Macan-yň satuwy geçen ýazda bes edilipdi, ýöne beýleki sebitlerde oňa bolan isleg ýokary bolmagynda galýar. Modeliň, täze Porsche 911-däki ýaly, gibrid güýç gurluşy bilen enjamlaşdyrylmagy mümkin.
Porsche Taycan-yň satuwynyň pesligi sebäpli, premium elektrikli awtoulaglaryň geljeginiň boljagyna gaty bir ynamly däl. Bu ýyl elektrik awtoulaglarynyň satuwy iki esse diýen ýaly, ýagny 20,8 müň awtoulaga çenli peseldi.


19.06.2026 09:17
1.3k+

Sesli dolandyryş we mehanika öýkünmesi: täze Porsche Taycan nähili boldy

Porsche kompaniýasy 2027-nji model ýylynyň Taycan elektrik sportkarynyň täzelenen görnüşini tanyşdyrdy....

29.05.2026 11:37
3k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......