UFC Jastin Getji – Den Huker, Aleks Pereýra – Magomed Ankalaýew söweşlerini yglan etdi

  • 20.01.2025 10:01
  • 11k+

Amerikaly Jastin Getji we täze zelandiýaly Den Huker UFC 313 ýaryşynyň çäklerinde söweşer. Bu barada UFC-niň metbugat gullugy habar berdi. Söweş bäş raunddan ybarat bolar. Ýaryşyň özi 2025-nji ýylyň 8-nji martyndan 9-njy martyna geçilen gije Las-Wegasda (ABŞ, Newada ştaty) geçiriler.

36 ýaşly Jastin Getji UFC-de ýeňil agram derejesinde çykyş edýär. Ol soňky söweşini 2024-nji ýylyň aprel aýynda geçirdi we watandaşy Maks Holloueýden nokaut arkaly ýeňildi.
34 ýaşly Den Huker soňky üç söweşinde ýeňiş gazandy. 2024-nji ýylyň awgustynda geçirilen ahyrky söweşinde Huker emin agzalarynyň tapawutly karary bilen Mateuş Gamroty ýeňdi.

Şeýle-de, UFC-niň metbugat gullugy 93 kg çenli derejede UFC-niň titulynyň häzirki eýesi, braziliýaly Aleks Pereýranyň russiýaly söweşiji Magomed Ankalaýew bilen duşuşjakdygyny resmi taýdan anons etdi.
Anonsdan görnüşi ýaly, bu söweş hem UFC 313-de geçiriler.
Ýatlap geçsek, Aleks Pereýra 6-njy oktýabrda Solt-Leýk-Sitide geçirilen UFC 307-de amerikaly söweşiji Halil Rauntri bilen duşuşdy. Söweş braziliýalynyň dördünji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.


18.06.2026 22:41
8.2k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......