Android 16 planşetlerde şol bir wagtda üç programmany açmak mümkin bolar

  • 20.01.2025 01:32
  • 2k+

Köpugurly ýumuş (multitasking) funksiýasy Android operasion ulgamynda (OS) uzak wagtdan bäri bar bolsa-da, bu ugurda täzelikler köpden bäri görünmeýärdi. Häzirki wagtda Android OS-da işleýän smartfonlar we planşetler şol bir wagtda diňe iki programmany işledip bilýär. Goşmaça mümkinçilikler bolsa interfeýs örtükleri (OxygenOS we ş.m.) arkaly hödürlenýär. Emma bu ýagdaý Android 16-da üýtgäp biler diýip, Android Authority neşiri habar berýär.

Bir ekranda iki programmany işletmek dürli ululykdaky enjamlarda elýeter we amatlydyr. Uly ekranly enjamlar bolsa, şol bir wagtyň özünde üç programmany işletmäge amatly şert döredýär. Mysal üçin, Samsung-yň One UI interfeýsinde, Lenovo enjamlarynda “Kompýuter režimi” (PC Mode) bilen açylan penjirelerde ýa-da OnePlus enjamlaryndaky “Open Canvas” funksiýasy arkaly bu mümkinçilik hödürlenýär. Android Authority neşiriniň žurnalistleri, Google-yň bu mümkinçiligi deslapky aýratynlyk hökmünde Android 16-a dahyl etjekdigini ýüze çykardylar.
Android 16-nyň synag wersiýasynyň ikinji tapgyrynda köpugurly ýumuş funksiýasy arkaly, şol bir wagtda üç programmany işletmek mümkinçiliginiň üstünde işlenilýär. Bu funksiýa häzirlikçe Google tarapyndan resmi taýdan tassyklanmady, şeýle-de bolsa, görkezilen nusga wideolara laýyklykda, funksiýanyň planşetlerdäki “arassa” Android ulgamynda we beýleki OS wersiýalaryna garanyňda has amatly boljakdygy barada aýdylýar.


22.04.2026 16:50
854

YouTube-da indi Shorts wideolary görkezmez ýaly edip bolýar

YouTube-yň Android we iOS üçin mobil goşundylarynda Shorts wideolaryny ulanyjy lentasyndan doly aýyrmaga mümkinçilik berýän täze funksiýa peýda boldy. Bu mümkinçilik taýmer ulgamynyň täzelenmegi netijesinde......

09.02.2026 12:17
1.9k+

Android enjamlarynyň 40%-den gowragy köne OS wersiýalary sebäpli uly howp astynda

Google kompaniýasy häzirki wagtda ulanylýan ähli işjeň Android smartfonlarynyň 40%-den gowragynyň operasion ulgamynyň köne wersiýalary sebäpli howp astyndadygyny tassyklady. Bu görkeziji bütin dünýä boýunça bir milliarddan gowrak enjamyň kiberhüjümlere garşy goragsyzdygyny aňladýar...

06.02.2026 09:00
1.5k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

22.01.2026 12:20
1.9k+

Google başga çeşmelerden programmalaryň Android-e gurnalmagyny kynlaşdyrar

Google kompaniýasy Android-de Google Play resmi dükanyndan başga çeşmelerden programmalary gurnamagyň tertibiniň üýtgediljekdigini tassyklady. Bu barada Google Play önümlerini dolandyrmak boýunça müdir Metýu Forsaýt X sosial ulgamynda habar berdi...