Nýu-Ýorkda howa taksisi şäher eteginden Manhettene 5 minutda ýetmegi teklip edýär

  • 20.01.2025 01:11
  • 6.4k+

Blade Urban Air Mobility kompaniýasy Nýu-Ýork şäheriniň etegindäki barly ýaşaýjylar üçin dikuçar gatnawlaryny işe girizýär. Indi olar dyknyşyklardan gaçyp we wagty tygşytlap, Manhettene çalt we rahat ýetip biler diýip, Bloomberg habar berýär.

Demirgazyk Nýu-Jersiniň we Nasso okrugynyň ýaşaýjylary günbatar Manhettene dikuçarda bary-ýogy 5 minutda baryp biler. Awtoulagda gidilende bu ýol azyndan bir ýarym sagat wagt alýar. Bir uçuşyň bahasy 95 dollar bolar. Şeýle-de, çäksiz uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýyllyk ýol bileti bar. Onuň bahasy 195 dollar bolup, Long-Aýlend ýa-da Nýu-Jersi bilen iki golaýdaky howa menziliniň – Jon Kennedi howa menziliniň we Nýuark Liberti howa menziliniň arasynda eýýäm bar bolan hususy awiagatnawlar üçin hem hereket edýär.
Kompaniýa şäher etegine gatnaýan ugurlaryň ulgamyny ösdürmegi we kem-kemden daşky gurşawy hapalamaýan doly elektrik dikuçarlaryny ulanmaga geçmegi meýilleşdirýär.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......