Aý ýumrulmak howpy abanýan obýektleriň sanawyna goşuldy

  • 19.01.2025 11:37
  • 8.5k+

Bütindünýä ýadygärlikler gaznasy Aýy howp astyndaky medeni miras obýektleriniň sanawyna goşdy. The New York Times neşiriniň ýazmagyna görä, Aý kosmos syýahatçylygyndan we hemrada alnyp barylýan işlerden zyýan çekýär.

Gaznanyň prezidenti we ýerine ýetiriji müdiri Benedikt de Monlor 90-dan gowrak möhüm obýektiň howp astyndadygyny belledi. Olaryň arasynda Rahatlyk bazasy hökmünde tanalýan “Apollon-11” modulynyň Aýa gonan ýeri we Nil Armstrongyň düşen ýeri bar.
Monlor hemranyň hiç kime degişli däldigi we halkara derejesinde degişli düzgünleriň ýokdugy sebäpli, uçuşlary we Aýda alnyp barylýan işleri düzgünleşdirmegiň kyndygyny belleýär. Mundan başga-da, ABŞ, Russiýa we Hytaý ýaly öňdebaryjy kosmos güýçleriniň täsiri çäksiz bolmagynda galýar, çünki Aýda we beýleki asman jisimlerinde döwletleriň işi barada gol çekilen şertnamalar ýok.
Ýene bir mesele asman jisiminiň üstünde hemişe adamzat medeniýetini görkezýän artefaktlaryň galdyrylmagydyr.
Şeýle-de bolsa, gaznanyň pikiri bilen hemmeler ylalaşmaýar. Astronawtlar we bu ugurda beýlek hünärmenler ylmy missiýalaryň we kosmos syýahatçylygynyň Aýdaky taryhy ýerlere täsirini ýetirmeýändigini belleýär.
Belläp geçsek, Aýdan başga-da, weýran bolmak we ýitmek howpy abanýan obýektleriň sanawynda Peruwdaky gadymy Maçu-Pikçu şäheri, Keniýanyň kenarýakalary, Ýemendäki Taiz şäheri, Kambojadaky ybadathanalar we beýlekiler bar.


19.05.2026 16:54
9.6k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

30.04.2026 12:08
1.9k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......

21.04.2026 12:08
3.6k+

Başgalardan 400 km ýokarda bolanlar üçin geýim: Vast Space kosmonawtlar üçin kostýum döretdi

Vast Space kompaniýasy geljekki Haven-1 täjirçilik orbital stansiýasynda, şeýle hem Halkara kosmos stansiýasyna hususy missiýalarda ulanmak üçin astronawtlara  niýetlenen uçuş eşigini görkezdi. Tanyşdyryş......