EA Sports FC 25 oýnunda “Ýylyň topary” kesgitlendi we uly täzelenme peýda boldy

  • 19.01.2025 11:48
  • 5.6k+

Electronic Arts korporasiýasy EA Sports FC 25 oýnunda “Ýylyň toparyny” hödürledi. Bu sanawa oýunçylaryň ses bermeginde saýlanan 11 futbolçy girdi. Olar Ultimate Team režiminde ýokary häsiýetnamalar bilen güýçlendirilen kartoçkalara eýe boldy.

Ulanyjylar tarapyndan saýlanan oýunçylaryň sanawy:
Derwezeban: Emiliano Martines (“Aston Willa”) – 94
Goragçylar:

  • Wirjil wan Deýk (“Liwerpul”) – 96
  • Wilýam Saliba (“Arsenal”) – 95
  • Alehandro Grimaldo (“Baýer 04”) – 94
  • Daniel Karwahal (Madridiň “Realy”) – 95

Ýarymgoragçylar:

  • Koul Palmer (“Çelsi”) – 95
  • Rodri (“Mançester Siti”) – 97
  • Jud Bellingem (Madridiň “Realy”) – 97

Hüjümçiler:

  • Mohamed Salah (“Liwerpul”) – 96
  • Kilian Mbappe – (Madridiň “Realy”) – 96
  • Winisius Žunior (Madridiň “Realy”) – 97

Oýunçylaryň güýçli wersiýalaryny oýnuň içindäki toplumlarda ýa-da EA Sports FC 25 Ultimate Team transfer bazarynda satyn almak bolýar. Şeýle-de, işläp düzüjiler APL-den başlap, La Liga we Saud Arabystanynyň çempionatyna çenli dünýäniň iň meşhur futbol ligalaryndaky iň gowy oýunçylary hödürleýär.
Mundan başga-da, EA Sports oýun üçin uly täzelenme çykardy. Ol oýunçylaryň seslenmeleriniň esasynda 50-den gowrak üýtgeşmäni öz içine alýar. Esasy kämilleşmeler şu aşakdakylardan ybarat:

  • Oýun ulgamynyň täzelenmesi: geçirimlerde, urgularda, derwezebanlarda we goragda üýtgeşmeler.
  • Hüjümiň gowulaşmagy;
  • Emeli aňyň kämilleşdirilmegi netijesinde topy tutmagyň we almagyň azalmagy. Goragçylaryň hüjümçileriň yzyndan çalt ýetýän ýagdaýlary göz öňünde tutulýar.
  • Football Ultimate Team-de klub gözleginiň täzelenmesi.

Ähli üýtgeşmeler bilen şu salgy boýunça tanşyp bilersiňiz.


şu gün 10:24
2.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.4k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.8k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......