Photoshop-da birnäçe adamyň bir wagtda bir suraty redaktirlemek funksiýasy işe girizilýär

  • 18.01.2025 13:11
  • 1.9k+

Adobe kompaniýasy Photoshop programmasynda “Live Co-Editing” atly funksiýanyň beta wersiýasyny işe girizdi. Bu funksiýa, birnäçe ulanyja şol bir wagtda şol bir suratyň üstünde bilelikde işlemäge mümkinçilik berýär. Bu funksiýa esasan professional ulanyjylar we bilim edaralary üçin niýetlenendir diýip, kompaniýanyň habaryna salgylanmak bilen, PCMag habar berýär.

Funksiýany işjeňleşdirmek üçin “Share” düwmesine basyp, “Turn on Live Co-Editing” opsiýasyny saýlamak ýeterlikdir. Ulanyjylar ekranyň ýokarky böleginde kärdeşleriniň awatarlaryny, şeýle-de olaryň şekilde redaktirleýän ýerlerini anyk görüp bilerler.
Bu funksiýa kompaniýanyň “Shared Libraries” we “Share for Review” ýaly beýleki gurallaryna meňzeýär, ýöne şol bir wagtda bilelikde işlemäge mümkinçilik berýär.
Oňyn garaýyşlar bar bolsa-da, kompaniýa funksiýanyň tehniki aýratynlyklary we doly wersiýasynyň haçan çykjakdygy barada jikme-jik maglumat bermeýär. Onuň ahyrky wersiýasynyň çykmagy birnäçe aý dowam edip biler diýip çaklanylýar.

düýn 20:14
1.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
812

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.4k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......