Dünýäde ýarymgeçirijileriň önümçiligine maýa goýumlar azaldy

  • 17.01.2025 12:53
  • 2.2k+

Dünýäniň iň uly ýarymgeçirijileri öndürýän kompaniýalary smartfonlara we elektromobillere bolan islegiň azalmagy sebäpli maýa goýumlary azaltdy. 2024-nji ýylda umumy maýa goýum 123,3 mlrd dollar boldy we bu öň garaşylandan 9,5 mlrd dollar azdyr diýip, Nikkei neşiri ýazýar.

Ilkibaşdaky çaklama maýa goýumlaryň 6% ýokarlanmagyny göz öňünde tutupdy.
Bilermenler bu ýagdaýy Hytaýyň ykdysadyýetiniň gowşamagy we pandemiýa döwründäki iň ýokary satuwdan soň smartfonlara bolan islegiň azalmagy bilen baglanyşdyrýar. SEMI assosiasiýasy häzirki wagtda mikroshemalar üçin önümçilik kuwwatynyň adaty 80%-iň deregine bary-ýogy 70% işleýändigini belleýär.
Şol bir wagtyň özünde emeli aň üçin çip önümçiliginiň segmentinde ösüş hasaba alynýar. Taýwanyň TSMC kompaniýasy bu ugra ýylda 30 mlrd dollar gönükdirdi, SK Hynix bolsa maýa goýumlary geljek bäş ýylyň dowamynda 70,2 mlrd dollara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär.
Pudakdaky umumy pese gaçyşa garamazdan, ýarymgeçirijileriň umumy global bazary 19% ýokarlanyp, 626,8 mlrd dollar boldy. Ösüş emeli aň tehnologiýalarynyň ösmegi bilen baglanyşykly diýip, hünärmenler belleýär.


22.05.2025 12:50
1.9k+

Xiaomi çip döretmek işine tas $7 mlrd maýa goýar we täze ulagyny hödürlär

Hytaýyň Xiaomi kompaniýasy ýakyn on ýylda ykjam gurluşlar üçin hususy mikroçipleri işläp taýýarlamaga 50 mlrd ýuan ($6,9 mlrd) maýa goýar. Bu barada kompaniýanyň esaslandyryjysy Leý Szýun Weibo sosial ulgamynda habar berdi...

30.10.2024 19:00
2.1k+

Microsoft ummandan uglerody aýyrmak boýunça Ebb Carbon tehnologiýasyna maýa goýýar

Microsoft Ebb Carbon kompaniýasy bilen ummandan kömürturşy gazyny aýyrmak boýunça şertnama baglaşdy. Bu şertnamada geljek on ýylyň dowamynda 350,000 tonna çenli CO2 çykarmak göz öňünde tutulýar diýip, Greekwire...

30.01.2024 07:46
8.5k+

Bil we Melinda Geýts gaznasy palma ýagyna ygtybarly alternatiwany öndürýän başlangyç üçin 3,5 million dollar maýa goýar

Bil we Melinda Geýts gaznasy Y Combinator tarapyndan goldanýan C16 Biosciences kompaniýasyna 3,5 million dollar maýa goýdy. Bu kompaniýa palma ýagynyň önümçiliginiň ekologiýa üçin zyýanly  telekeçilik işine alternatiwa...

15.12.2023 20:41
15k+

Ronaldu belorus studiýasynyň kompýuter oýnuna maýa goýdy

«Al-Nasr» toparynyň portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu Belarusyň «Strikerz» atly işläp düzüjiler studiýasyndan täze «UFL» futbol simulýatoryna maýa goýdy. Bu barada lenta.ru habar berýär. Hüjümçi atlary...