Bil we Melinda Geýts gaznasy palma ýagyna ygtybarly alternatiwany öndürýän başlangyç üçin 3,5 million dollar maýa goýar

  • 30.01.2024 07:46
  • 8.6k+

Bil we Melinda Geýts gaznasy Y Combinator tarapyndan goldanýan C16 Biosciences kompaniýasyna 3,5 million dollar maýa goýdy. Bu kompaniýa palma ýagynyň önümçiliginiň ekologiýa üçin zyýanly  telekeçilik işine alternatiwa hödürleýär diýip, Inc. habar berýär.

Geýtsiň granty klimat tehnologiýasyny hem goldaýan Elemental Excelerator täjirçilik däl akseleratordan 1 million dollarlyk çek bilen berilýär.
Palma ýagy önümçilikde giňden ulanylýan çig maldyr, şonuň üçin dünýäde tokaýlaryň köpçülikleýin kesilmegi dowam edýär.
Hamyrmaýany we oba hojalygynyň çig malyny ulanyp, C16 Palmless atly gözellik önümlerinde ulanmak üçin ösümlik ýagynyň alternatiwasyny taýýarlaýar. Maýa goýum başlangyja azyk önümlerinde ulanmak üçin ýagyň täze reseptlerini taýýarlamaga kömek eder. Kompaniýa “galyndylardan we oba hojalygyna degişli däl çig mallardan, şol sanda uglerodyň tutulmagyndan alnan çig mallardan peýdalanmagy teklip edýär.
Tokaýlaryň kesilmegi ählumumy mesele. 2020-nji ýylda geçirilen gözlegde palma ýagy plantasiýalaryndan ýaňa howanyň hapalanmagynyň tutuş awiasiýa pudagyndan gelýän zyýanyň ýarysyna deňdigi anyklandy. Hünärmenler 1850-nji ýyldan bäri kömürturşy gazynyň ähli zyňyndylarynyň üçden bir bölegine tokaýlaryň ýok edilmeginiň sebäp bolandygyny bellediler.
Geýts gaznasyndan we Elemental-dan başga-da, Bill Geýtsiň Breakthrough Energy-si we DCVC C16-nyň öňki maýadarlary bolupdy. C16 şu güne çenli 36,3 million dollarlyk paýnamany, şeýle hem ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň we Agile BioFoundry-nyň üsti bilen 2 million dollarlyk grant serişdäni toplandygyny aýtdy.


17.01.2026 15:03
5k+

Bill Geýts on ýyldan soň iki günlük iş hepdesiniň boljakdygyny çaklaýar

Microsoft-yň egindeş esaslandyryjysy Bill Geýts on ýyldan soň, emeli aňyň ösmegi netijesinde, adamlaryň hepdede diňe iki gün işlejekdigini aýtdy. Ol bu barada The Tonight Show teleýaýlymyndaky Jimmy Fallon bilen bolan söhbetdeşliginde aýtdy we öz sözlerini indi köp işlerde adam hyzmatynyň talap edilmeýändigi we başga işler üçin wagty ep-esli artjakdygy bilen düşündirdi...

13.01.2026 16:15
6.4k+

Bill Geýts emeli aňyň howplary hakynda täze esse ýazdy

Bill Geýts her ýyl okyjylara hödürleýän essesiniň «Çykgytly optimizm» atly täze nusgasyny çap etdi. Onda Microsoft kompaniýasynyň esaslandyryjysy emeli aňyň häzirki ýagdaýyna we geljegine baha berýär. Geýts essede tehnologiýanyň ýokary mümkinçiliklerini ykrar etmek bilen birlikde, onuň çalt we harsal düzgünleşdirilmegi bilen baglanyşykly bolup biläýjek ulgamlaýyn töwekgelçiliklere ünsi çekýär...

05.06.2025 10:17
9.3k+

Bill Geýts baýlygynyň esli bölegini Afrika kömek üçin bagyş eder

Microsoft korporasiýasynyň esaslandyryjysy Bill Geýts öz baýlygynyň ep-esli bölegini Afrikadaky meseleleri çözmäge gönükdirjekdigini habar berdi. Bu barada Geýtsiň haýyr-sahawat gaznasynyň habarynda aýdylýar. Forbes neşiri milliarderiň baýlygyny 116,5 mlrd dollar diýip hasaplaýar...

02.06.2025 17:35
6.3k+

Ýatlamalara täsir eden ýatlamalar: Bill Geýts tomus üçin kitaplaryň sanawyny paýlaşdy

Bill Geýts tomusda okamak üçin kitaplaryň sanawyny hödürledi. Şu ýyl ol öz awtobiografiýasyny ýazmakda ugur alan ýatlamalaryny maslahat berýär. Her bir wakanyň merkezinde – öňdebaryjylyk, adamkärçilik we kynçylyklary ýeňip geçmek temalary bar...