Adobe-yň täze emeli aň guraly bir gezekde 10 müňe çenli surat işleýär

  • 16.01.2025 21:49
  • 3.2k+

Adobe suraty redaktirlemegi awtomatlaşdyrmak üçin innowasion gural bolan Firefly Bulk Create-ni hödürledi. Ol bir gezek basaňda 10 müňe çenli suraty gaýtadan işlemäge mümkinçilik berýär, bu mazmuny taýýarlamak işini ep-esli çaltlaşdyrýar.

Kompaniýa bu guralyň uly göwrümli mazmun bilen işleýän marketologlar, dizaýnerler we suratçylar üçin peýdaly boljakdygyny belleýär.
Esasy aýratynlyklarynyň içinde suratda fony awtomatiki aýyrmak we ölçegini üýtgetmek bar. Remove Background guraly suratdan fony aýryp ýa-da başga surat bilen çalşyp biler. Ulanyjy HEX-kody ulanmak arkaly, gerekli reňki berip ýa-da öz halanyny ýükläp biler. Resize AI algoritmlerini ulanmak bilen fon goşmak arkaly şekilleriň awtomatiki ölçegini meşhur platformalara gabat getirip üýtgedip biler.
Firefly Bulk Create Dropbox, şeýle hem, Adobe Experience Manager ýaly bulut hyzmatlary bilen birleşdirilip, faýllary ýüklemegi we gaýtadan işlemegi aňsatlaşdyrýar.

Geljekde Adobe Firefly Bulk Create-iň mümkinçiliklerini giňeldip, PSD faýllaryna goldaw goşmagy meýilleşdirýär.
Şeýle hem Adobe wideo bilen awtomatiki sinhronlamak, sanly awatarlary döretmek we döredijilik pudagyny düýpgöter üýtgetmegi wada berýän gurallaryň üstünde işleýär.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......