Mercedes-Benz-iň satuwy pese gaçdy. Brend kyn ýyly başdan geçirdi

  • 16.01.2025 20:26
  • 8.6k+

2024-nji ýylda Mercedes-Benz kompaniýasy esasy bazarlarda islegiň gowşamagy we elektromobil satmakdaky kynçylyklar sebäpli awtomobilleriň satuwynyň pese gaçmagyny hasaba aldy. Bu barada Reuters agentligi habar berýär.

Germaniýanyň lýuks awtoöndürijisi ýylyň tutuş awtomobil pudagy üçin, aýratynam, Hytaýda islegiň peselmegi sebäpli, agyr bolandygyny belledi. Agentligiň maglumatlaryna görä, Mercedes-Benz bir ýylda 1 983 400 awtomobil satdy, bu 2023-nji ýyl bilen deňeşdirilende 3% azdyr. Pese gaçmagyň esasy sebäpleri Hytaýda satuwyň 7% we Ýewropada 3% peselmegi boldy. 
Mercedes-Benz elektromobilleriniň satuwy 23% azalyp, 185 100 birlik boldy. Bu hem kompaniýa üçin goşmaça kynçylyklary döredýär, sebäbi 2025-nji ýylda Ýewropa Bileleşiginiň kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça täze, has berk talaplary güýje girýär. Eger elektromobil satuwy ýokarlanmasa, Mercedes-Benz beýleki kompaniýalar bilen gymmat bahaly şertnamalary baglaşmaly ýa-da uly jerimeleri tölemeli bolar.
2024-nji ýylyň dowamynda Mercedes-Benz girdeji boýunça ýyllyk meýilnamasyny iki gezek peseltdi we çykdajylary azaltmakçydygyny aýtdy. Şeýle-de, kompaniýa girdejililik boýunça orta möhletli meýilnamalaryna täzeden garamak isleýär, sebäbi bazardaky ýagdaý ýakyn wagtda gowulaşmasa gerek.
2024-nji ýyldaky maliýe netijeleri 20-nji fewralda hödürlener.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....