Blue Origin ilkinji synanyşykda New Glenn raketasyny üstünlikli orbita çykardy

  • 16.01.2025 15:59
  • 3.6k+

16-njy ýanwarda Jeff Bezosyň eýeçiligindäki Blue Origin kosmos kompaniýasy täze New Glenn raketasynyň ilkinji synag uçuşyny amala aşyrdy. Uzynlygy 98 metr bolan raketa, ýerli wagt bilen gije sagat 02:02-de (Aşgabat wagty bilen sagat 12:02-de) ABŞ-nyň Florida ştatyndaky Kanaweral burnundan üstünlikli uçuryldy diýip, BBC News habar berýär.

Synag uçuşynyň esasy maksady gazanyldy – raketa 12 minutdan soň orbita baryp ýetdi.
Emma uçuşdan 20 minut soň, Blue Origin kompaniýasy raketanyň köp gezek ulanylmaly birinji bölegini Atlantik ummanyndaky platformasyna ýuwaş gonduryp bilmändiklerini aýtdy.
Blue Origin Ilon Maskyň SpaceX kompaniýasynyň esasy bäsdeşleriniň biri bolup, ol kosmosa degişli söwda bazarynda öňdebaryjy hasaplanýar. Iki kompaniýanyň hem maksady kosmosa köp sanly emeli hemrany ibermek, hususy kosmos stansiýalaryny açmak we Aýyň üstünde yzygiderli uçuşlary amala aşyrmakdyr.
Habary eşiden badyna Ilon Mask bäsdeşine gutlag iberdi:

«Ilkinji synanyşykda orbita çykmagyňyz bilen gutlaýaryn!» diýip, milliarder X sosial torunda ýazdy.

Belläp geçsek, bu uçuş öň üç gezek yza süýşürilipdi.


düýn 14:38
3k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....