Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynda rekord 430-njy oýnuny geçirdi

  • 16.01.2025 11:02
  • 1.5k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynda ýekelikde geçiren oýunlarynyň sany boýunça absolýut rekord eýesi boldy.

Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň ikinji tapgyr oýnunda serbiýaly türgen portugaliýaly Žaýme Fariýany 6:1, 6:7, 6:3, 6:2 hasabynda utdy. Bu duşuşyk 37 ýaşly tennisçi üçin bu kategoriýadaky ýaryşlarda karýerasynda 430-njy boldy.
Şeýlelikde, Jokowiç hasabynda 429 oýun bolan şweýsariýaly Rojer Federerden öňe geçdi. Bu görkeziji boýunça üçünji orny amerikaly Serena Uilýams (423 oýun) eýeleýär.
2024-nji ýylyň iýun aýynda Jokowiç “Uly tuwulga” ýaryşlarynda gazanylan ýeňişleriň sany boýunça-da rekord eýesi boldy – 381. Türgen ATP reýtinginde ýedinji orny eýeleýär we 99 titulyň eýesidir, şol sanda “Uly tuwulga” ýaryşlarynda rekord 24 gezek ýeňiji boldy.
Australian Open-iň üçünji tapgyrynda Jokowiç dünýäniň 25-nji raketkasy Tomaş Mahaç bilen duşuşar. Ýaryş 26-njy ýanwarda tamamlanar.


düýn 12:41
1.7k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.4k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....