Lamborghini ýeke-täk nusgadaky Egoista superkaryny 117 mln dollara satdy

  • 15.01.2025 19:31
  • 14k+

Lamborghini ýeke-täk nusgada çykarylan Egoista superkaryny 117 mln dollara satdy. Mundan öň kompaniýa awtomobili öz muzeý kolleksiýasynda saklamagy we satuwa çykarmazlygy meýilleşdiripdi, ýöne şahsy adamlar tarapyndan teklip edilen mukdar diýseň özüne çekiji boldy diýip, insaýderlere salgylanyp, Supercarblondie ýazýar.

Egoista ilkinji gezek 2013-nji ýylda hödürlendi. Superkar brendiň şol wagtky şef-dizaýneri Walter da Silwanyň ýolbaşçylyk etmeginde işlenip taýýarlandy we reaktiw ýok edijisiniň (istrebitel) stilinde ýerine ýetirildi. Ol bir orunlyk kokpit (dolandyryş ýeri), aýna gümmez we aýrylýan rul bilen üpjün edildi. Kuzow antiradar örtügine we işjeň aerodinamika eýe boldy.
Awtomobiliň platformasy Lamborghini Gallardo modeline esaslanýar. Egoista 600 at güýjüni berýän 5,2 litrlik V10 bilen enjamlaşdyryldy.
Ýaňy-ýakyna çenli superkar Lamborghini-niň muzeýinde saklandy, indi bolsa näbelli ugra äkidildi. Şeýle ýagdaý 2022-nji ýylda hem bolup geçdi, şol wagt Mercedes-Benz 135 mln ýewro 300 SLR Uhlenhaut kupesini satdy.


11.03.2026 17:18
2.5k+

Nissan Leaf ulagy Mercedes we Toyota-dan öňürdip, WWCOTY bäsleşiginde iň ýokary tituly aldy

2026-njy ýylyň Nissan Leaf elektrik modeli «Women’s Worldwide Car of the Year» bäsleşiginde ýeňiş gazanyp, iň ýokary — «Supreme Winner» diýen ada mynasyp boldy. Ses bermäge 55 ýurtdan 86 sany zenan awto-synçysy gatnaşyp, olar alty kategoriýa boýunça 55 modele baha berdi...

02.03.2026 20:18
2.2k+

Lamborghini Revuelto bürünç bezegler bilen bezelen Verde Rio görnüşindäki kaşaň keşbe girdi

Lamborghini kompaniýasynyň Ad Personam şahsylaşdyrma bölümi ýörite Revuelto awtoulagyny döretdi. Awtoulagyň üýtgeşik reňk düzümi bar: kuzowy Verde Rio reňkine boýalan, bölekleri we bezeg elementleri bilen birlikde äheňine Bronzo Oreadi reňkine baý bezegler goşulan...

25.02.2026 06:32
6.3k+

«Bu öte gymmat güýmenje boljak...» Lamborghini dolulygyna elektrokarlara geçmek niýetinden dändi

Lamborghini meşhur italýan brendi doly elektrikleşdirilen awtoulag öndürmek meýilnamasyny ýatyrdy. Kompaniýa muňa derek zarýad berilýän gibrid awtoulaglaryny (PHEV) kämilleşdirmäge üns berer diýip, The Sunday Times gazeti habar berýär...

10.12.2025 12:07
5.9k+

Lamborghini reňklemek üçin iki aý gerek bolan Temerario ýörite wersiýasyny çykardy

Lamborghini awtoulag öndürijisi ABŞ-nyň Maýami şäherinde ýerleşýän Art Bazel sungat ýarmarkasynda Temerario superkarynyň ilkinji nusgasyny görkezdi. Awtoulagyň tapawutly aýratynlygy, dizaýnerleriň pikiriçe, superkary sungat eserine öwürýän ýörite nagyşly özboluşly kristal boýagdyr...