"Driftiň şasy" Hyundai Ioniq 5 N krossoweriniň ýörite görnüşini işläp taýýarlady

  • 15.01.2025 11:46
  • 4.5k+

Meşhur driftçi Keýiçi Suçiýa Hyundai-a Ioniq 5 N elektrik krossoweriniň ýörite wersiýasyny döretmäge kömek etdi. Drifte laýyklanan ýörite görnüş Suçiýanyň Drift King (“Driftiň şasy”) lakamynyň hormatyna DK Edition adyny aldy diýip, Carscoops habar berýär.

Syrgynda dolandyrylýan ulaglaryň muşdaklary üçin niýetlenen awtoulag diňe Ýaponiýada we Günorta Koreýada satylar.
Ýörite görnüş ulagyň ýerden beýikligini 15 mm kemeldýän ýörite podweska puržinlerini aldy. Şeýle hem oňa ýeňil, 21 dýuýmlyk tekerler we has kuwwatly tormozlar oturdyldy. Munuň netijesinde krossoweri dolandyrmak has gowulaşdy. Uglerod süýüminden edilen aerodinamiki obwes sagatda 140 km tizlige 93 kg basgyç güýjüni goşdy.
Pakede öň splitter, bosaga nakladkalary, yzky diffuzor we adaty bolmadyk anti ganat girdi, bularyň hemmesi uglerod süýüminden ýasalan.
650 at güýçli Ioniq 5 N-iň güýç elektronikasy üçin drift-režimi bar.


15.06.2026 10:41
2.5k+

Hyundai Tucson L 2026 çykdy. Düýbünden täze Hyundai Bayon hem ýolda

«Beijing Hyundai» bilelikdäki kärhanasy Hytaýyň bazaryna täzelenen «Hyundai Tucson L 2026» krossowerini çykardy....

12.06.2026 08:19
2.6k+

Hyundai 2027-nji ýyla çenli bäş täze modeli, şol sanda "Santa Fe EREV-i" taýýarlaýar

Hyundai 2027-nji model ýyly üçin birbada birnäçe täzelikleri taýýarlaýar. Kompaniýa meşhur "Elantra", "Kona" we "Tucson" modellerini täzelemegi, "Ioniq 3" ykjam elektromobilini çykarmagy, şeýle hem "Santa......

02.06.2026 12:41
3.5k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

26.05.2026 10:00
4.2k+

Hyundai awtoulaglary üçin sanly “örtükleri” satmaga başlady

Hyundai awtoulag eýelerine multimediýa ulgamy üçin sanly temalara elýeterliligi açdy, ilki bilen 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatyna bagyşlanan mugt wersiýadan başlady....