Täzelenen Toyota Urban Cruiser 2025 görkezildi

  • 14.01.2025 17:19
  • 11k+

Brýusseldäki awtosalonda Toyota Urban Cruiser 2025 modeli görkezildi. Täze awtomobil döwrebap dizaýny, giň salony we öňdebaryjy tehnologiýalary özünde jemleýär.

Model Yaris Cross bilen deňeşdirilende uly göwrümi, täze platforma, şeýle-de kämilleşdirilen funksionallyk bilen tapawutlanýar.
Teker bazasynyň uzynlygy 2 700 mm bolup, yzdaky ýolagçylar üçin D derejeli awtomobilleriňki ýaly giňişligi üpjün edýär. Kabinanyň dizaýny ýokary ýerleşdirilen oturgyçlar bilen kese stilde ýerine ýetirilen. 12 reňk režimi bilen atmosfera yşygy hem bar.
Model 49 ýa-da 61 kWt/sag batareýalary bilen üpjün edilýär. Doly herekete getirijili wersiýa 65 at güýjündäki goşmaça hereketlendirijiniň kömegi bilen çylşyrymly ýollarda we eňňitlerde hem hereket edip bilýär.
Adaty üpjünçilige adaptiw kruiz gözegçiligi, çaknyşmalaryň öňüni alyş we zolaklary saklamak ulgamlary, sanly enjam paneli (10,25 dýuým), multimedia ekrany (10,1 dýuým), Apple CarPlay we Android Auto goldawy, JBL audioulgamy we panorama kamerasy girýär.
Urban Cruiser üçin sargytlar eýýäm käbir ýurtlarda kabul edilýär. Üpjünçilik 2025-nji ýylyň tomsunyň ahyrynda başlar.


düýn 14:05
3.7k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......