WhatsApp şahsy emeli aň botlaryny döretmek funksiýasyny synagdan geçirýär

  • 14.01.2025 12:51
  • 1.7k+

WhatsApp-yň işläp düzüjileri ulanyjylara emeli aň esasynda şahsylaşdyrylan botlary döretmäge mümkinçilik berjek täze funksiýanyň üstünde işleýärler.

WABetaInfo-nyň berýän maglumatlaryna görä, täze interfeýs Android platformasynda synagdan geçirilýär. Täzelenen wersiýada “Toplumlar” (Communities) sahypasy, “Emeli aňlar” (AIs) diýlip atlandyrylýan täze sahypa bilen çalşyrylypdyr. Bu täze sahypa emeli aň bilen baglanyşykly ähli funksiýalara aňsatlyk bilen girmäge mümkinçilik berýär.
Ýene esasy üýtgeşiklikleriň biri bolsa “AI Character” atly guralyň ornaşdyrylmagy bolup, ol ulanyjylara programmanyň içinde öz çat-botlaryny (gürrüňdeşlik botlaryny) döretmäge mümkinçilik berýär. Boty düzmek prosesinde ulanyjylar botyň funksionallygyny we esasy maksadyny özleri saýlap bilýärler. Şeýle hem, munuň üçin WhatsApp-yň özi hem maslahatlar we teklipler hödürleýär.
Bilermenler, şahsy AI botlaryny ulanylyşa girizmegiň WhatsApp-yň funksionallygyny giňeldip biljekdigini, bu platformanyň diňe bir aragatnaşyk üçin däl, eýsem dürli meseleleri awtomatlaşdyrmak boýunça hem mümkinçilik berjekdigini belleýärler. Bu funksiýa häzirlikçe synag tapgyrynda bolup, onuň köpçülikleýin ulanylyşa giriziljek wagty barada habar berilmedi.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......