Hytaýda mikrodünýäni öwrenmek üçin öňdebaryjy infrastruktura dörediler

  • 14.01.2025 11:55
  • 2.5k+

Attosekunt lazerleri häzirki wagtda mikrodünýäni öwrenmek üçin iň öňdebaryjy enjamlar bolup durýar. Olar gysga tolkunly ultramelewşe şöhlelenmesini çykaryp, rentgen şöhleleriniň bahalaryna golaýlaýarlar. Şeýle “ýagtylyk” atomlarda we molekulalarda bolup geçýän hadysalary “görmek” üçin gerek bolup durýar.

Bu barlaglary geçirmek üçin Hytaýyň Guandun welaýatynyň Dunguan şäherinde we Şensi welaýatynyň Sian şäherinde infrastruktura gurulmaga başlandy. Taslama, aşa ultramelewşe, ýumşak rentgen we teragertz tolkun aralyklaryny öz içine alýan 10 kanaly döretmegi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, 22 barlag terminaly hem gurlar.
Gurluşygyň takmynan iki ýyl dowam etmegi meýilleşdirilýär. Ondan soň femtosekunt we attosekunt lazerleri hem-de synag terminallary oturdylar. Geljek bäş ýylyň içinde Hytaýda toplumlaýyn attosekunt ylmy merkeziniň döredilmegine garaşylýar.
Attosekunt näme? Attosekunt, sekundyň kwintilliondan bir (10−18) bölegine deňdir. Bu gysga wagtda ýagtylyk bary-ýogy 0,3 nanometr ýol geçýär (1 nanometr = metriň milliarddan bir bölegi). Muňa mysal hökmünde aýtsak, ýagtylyk sekuntda Ýeriň ekwatoryny 7,5 gezek aýlanýar. Elektron bolsa atom ýadrosynyň töwereginde 150 attosekuntda bir doly aýlaw edýär. Şeýle tiz impulslary çykarýan lazerler bize mikrodünýäniň göze ilmeýän syrlaryny has aýdyňlaşdyrmaga kömek eder.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....