Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasynyň ilkinji uçuşyny soňky pursatda ýatyrdy

  • 14.01.2025 09:42
  • 2.8k+

Blue Origin kompaniýasy, özüniň täze agyr ýük göteriji raketasy bolan New Glenn-iň ilkinji uçuşyny, uçurylmagyna birnäçe minut galanda ýatyrdy. Uçuşyň 13-nji ýanwarda ABŞ-nyň Kosmos güýçleriniň Kanaweral burnundaky (Cape Canaveral) stansiýasyndan amala aşyrylmagy meýilleşdirilipdi diýip, Space.com habar berýär.

Mesele raketanyň aşaky ulgamlaryndan (podsistemasalaryndan) biriniň näsazlygy bilen baglanyşykly boldy we gysga wagtda aradan aýrylyp bilinmedi.

“Biz häzirki uçuş synanyşygymyzy ýatyryp, aşaky ulgamda ýüze çykan meseläni çözmäge we uçuş penjirämizden çykmaga mümkinçilik döretmek kararyna geldik. Indiki synanyşygymyz üçin mümkinçilikler gözden geçirilýär” diýip, Blue Origin X sosial ulgamynda beýannama berdi.

Ars Technica salgylanyp, esasy sebäbiň ýelejirediş kanallarynyň buz bilen dolmagy barada habar berilýär. Ony eretmek üçin edilen synanyşyklar hem netije bermändir.
Uçuşyň esasy maksady raketanyň ikinji bölegini orbita çykarmakdy. Şeýle-de, NG-1 missiýasynyň çäklerinde raketanyň birinji böleginiň okeandaky platforma gondurylmagy meýilleşdirilipdi, ýöne bu üstünlik barada, hatda kompaniýanyň esaslandyryjysy Jeff Bezos-yň özi hem şübhe duýýardy.
Blue Origin kompaniýasy New Glenn raketasyny uçurmaga şu gün gaýtadan synanşar.
98 metr beýikligi bolan New Glenn raketasy, Blue Origin-iň esasy bäsdeşi SpaceX-iň Falcon Heavy raketasy bilen deňeşdirilýär. New Glenn, Ýeriň pes orbitasyna 45 tonna ýük göterip bilýär, Falcon Heavy bolsa 64 tonna.
New Glenn-iň birinji bölegi hem gaýtadan ulanylar ýaly dizaýn edilendir. Raketada kompaniýanyň özüniň öndüren BE-4 suwuk ýangyçly raketa hereketlendirijileri ýerleşdirilendir. Blue Origin ozal hem ULA kompaniýasynyň Vulcan raketasyny uçurmak üçin şu hereketlendirijilerden peýdalanypdy.


düýn 14:38
3k+

Mars Express Marsyň jülgelerinde 30 sany tozan "şeýtanyny" surata aldy

Mars Express orbita stansiýasy Marsdaky Mamers Valles sebitiniň — takmynan 1000 kilometre uzalyp gidýän giň jülgeler ulgamynyň — täze, detallaýyn suratyny Ýere iberdi. Suraty has ýakyndan öwrenenden soň,......

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

10.06.2026 10:51
1.2k+

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:17
2.9k+

NASA-nyň «X-59» uçary ilkinji gezek ses tizliginden geçmäge taýýarlanýar

NASA-nyň «X-59» sesden hem çalt uçýan eksperimental uçary uçuş synaglarynyň nobatdaky tapgyryna taýýarlanýar. Bu tapgyrda uçar öz taryhynda ilkinji gezek sesiň tizliginden-de ýokary geçmelidir....