Gadymy hazynadan Rim imperatorlarynyň şekilleri ýerleşdirilen altyn teňňeler tapyldy

  • 13.01.2025 23:00
  • 11k+

Live Science neşiriniň ýazmagyna görä, Lýuksemburgyň demirgazygyndaky Holtsum obasynda 364-408-nji ýyllar ýyllar aralygynda zikgelenen 141 sany altyn teňňe tapyldy. Bu teňňelerde sekiz sany imperatoryň şekilleri ýerleşdirilen we olaryň üçüsinde Günbatar Rim imperatory Ýewgeniý suratlandyrylypdyr. Ýewgeniý bary-ýogy iki ýyl (392-394-nji ýyllar aralygynda) hökümdarlyk eden imperator bolupdyr.

Bu tapyndy gadymy hazynalary öwrenmekde örän möhümdir. Tapyndynyň taryhy ähmiýeti sebäpli gazuw-agtaryş işleriniň netijeleri dört ýyllap syr hökmünde saklanypdyr. Gazuw işleri Lýuksemburgyň Milli arheologiki gözlegler institutynyň (INRA) ýolbaşçylygynda 2020-2024-nji ýyllar aralygynda geçirilipdir. Gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän ýerinde Beýik Watançylyk urşundan galan köp sanly ýaraglaryň we partlaýjy serişdeleriň bardygy ýüze çykarylypdyr. Şonuň üçin Lýuksemburgyň harby güýçleriniň minalary zyýansyzlandyrmak gullugy gazuw işlerinde ýardam beripdir.
Teňňeler “solid” diýlip atlandyrylýar we olaryň takmynan 4,5 gram agramy bar. Rim imperiýasynyň soňky döwürlerinden galan bu altyn teňňeler durnukly düzümi bilen giňden tanalypdyr. Garaşsyz seljermeler, tapyndynyň gymmatyny 322 müň dollara barabar diýip hasaplaýarlar.


13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......