16-njy ýanwarda Ýerden Marsy teleskopsyz synlamak üçin amatly pursat bolar

  • 13.01.2025 16:25
  • 7.6k+

2025-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Mars gapma-garşylykda durar. Ýagny, Mars bilen Günüň hersi Ýeriň garşy tarapynda ýerleşerler. 780 günden bir gezek gaýtalanýan bu hadysanyň dowamynda Gyzyl planeta iň ýokary ýagtylygyna ýeter diýip, Starwalk habar berýär.

Munuň özi astronomlara we synçylara Gyzyl planetany iň ýagty görnüşde görmäge mümkinçilik berer. Şeýle-de, ol 96,079 mln km aralykda ýakyn ýagdaýda bolar.
Marsyň ýagtylygy -1,4m ýyldyz ululygyna ýeter we bu hem ony adaty göz bilen görüp bolýan iň öçügsi ýyldyzdan 900 esse ýagty eder. Planeta tutuş gijäniň dowamynda, Aşgabat wagty bilen 19:30-dan 08:41-e çenli görner.
Bu Marsa hatda teleskopsyz syn etmek üçin örän amatly ýagdaý döreder. Planeta 14,6" burç diametrine eýe bolar, netijede ol ulaldylan ýaly görner.
Marsyň ýagtylygyndaky we burç ululygyndaky düýpli üýtgeşmeler eýýäm birnäçe ýyl bäri bolýar. Marsyň iň uly gapma-garşylygy, ýagny planetanyň Ýere has ýakyn gelmegi, takmynan, 15-17 ýylda bir gezek bolup geçýär. Mysal üçin, 2003-nji ýylda planeta Ýerden 55,7 mln km aralykda ýerleşdi, bu bolsa soňky 60 000 ýylda iň ýakyn aralyk boldy.
Indiki uly gapma-garşylygyň 2035-nji ýylyň sentýabr aýynda bolmagyna garaşylýar, şonda planeta Ýerden 56 mln km aralykda ýerleşer.


15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

11.05.2026 11:37
5.1k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....

18.04.2026 23:36
4.3k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.3k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...