Halkara Olimpiýa Komitetiniň täze prezidentiniň saýlawlarynyň deslapky senesi yglan edildi

  • 12.01.2025 11:10
  • 2.6k+

Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) täze prezidentiň saýlawlarynyň deslapky senesini yglan etdi. Saýlawlar 20-nji marta meýilleşdirildi, ýöne sene gün tertibiniň gutarnykly işlenmegine baglylykda üýtgäp biler diýip, “Çempionat” portaly habar berýär.

HOK-nyň 2025-nji ýylyň 18 – 21-nji martynda Gresiýada geçiriljek 144-nji sessiýasynda prezident wezipesi üçin ýedi dalaşgär bäsleşer. Dalaşgärler 2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda Lozannada (Şweýsariýa) ýapyk režimde geçiriljek duşuşykda HOK-nyň agzalaryny öz maksatnamalary bilen tanyşdyrar.
2024-nji ýylyň awgust aýynda HOK-nyň häzirki prezidenti Tomas Bah ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň wezipeden gidýändigini mälim etdi. Ol gurama 10 ýyldan gowrak wagt, 2013-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...