Volkswagen "Arteon Shooting Brake" modeliniň önümçiligini wagtyndan öň bes etdi

  • 12.01.2025 11:03
  • 3.1k+

Volkswagen özüniň meşhur maşgala ulaglarynyň biri bolan Arteon Shooting Brake modeliniň önümçiligini meýilleşdirilen wagtyndan bir ýyl öň bes etdi. Bu ulag kompaniýanyň iň owadan modelleriniň biri hasaplanylýardy diýip, Motor1 habar berýär.

Arteon Shooting Brake modeliniň 2026-njy ýyla çenli öndürilmegi meýilleşdirilipdi. Ýöne ulagyň soňky nusgasy eýýämden Germaniýanyň Osnabrýuk şäherindäki zawoddan çykdy. Bu model bäş ýyl satuwda galdy we şol wagtyň dowamynda jemi 190 müň nusga barabar möçberde öndürildi. Bu model ABŞ bazarynda satuwa çykarylmandy. Arteon modeliniň beýleki görnüşleriniň önümçiligi hem Germaniýada amala aşyrylypdy.
Volkswagen Osnabrýuk zawodynda T-Roc kabriolet ulaglaryny 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli öndürmegi dowam etdirer. Ýöne bu zawod bilen hem bagly geljekki meýilnamalar entek anyk däl. Kompaniýa zawodyň başga maksatlar üçin peýdalanylmagyny göz öňünde tutýandygyny mälim etdi.


21.06.2026 16:05
3.9k+

Volkswagen-de çökgünlik: ýolbaşçylar kompaniýanyň ýok bolup gitmek howpuny boýun aldy

Germaniýanyň Volkswagen Group awtomobil konserniniň içerki ýagdaýy ýolbaşçylar tarapyndan örän howsalaly diýlip hasaplanýar. Germaniýanyň «Manager Magazin» neşiri kompaniýanyň müdirler geňeşiniň we gözegçilik......

14.05.2026 11:11
4.7k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
7.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.8k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......