Repçi Post Malone baýramçylykda işlemeli bolan enä 20 müň dollar çaý puly goýdy

  • 12.01.2025 01:49
  • 12k+

Roždestwo-nyň öňüsyrasynda repçi Post Malone Tehasyň Hýuston şäherindäki The Railyard atly kiçijik bara bardy we şol gije işe çykmaly bolan barmen zenana  20 müň dollar möçberinde çaý puly berdi. Zenan sahylyk bilen berlen sowgat hakda Music Mayhem žurnalyna gürrüň berdi.

Çagasyny ýekelikde terbiýeleýän 36 ýaşly Rene Braun gijeki çalşykda işlemäge mejbur bolupdyr. Baýramçylyk gijesini 9 ýaşly gyzy Iliananyň ýanynda geçirip bilmejegine gaty gynanypdyr. Ozal ol gyzy bilen hemişe baýramçylygy bilelikde belläp, köke bişirýän we Roždestwo filmlerine tomaşa edýän ekenler, ýöne bu gezek bu däp bozulypdyr.

“Gyzymy ýeke goýup, işe gitmeli bolanyma gaty gynanypdym. "Hudaýyň maňa Täze ýylda keramat ýollajakdygyndan habarsyzdym" – diýip, ene gürrüň berdi.

Post Malone bu ýerede dostlary, şol sanda kantri-ýerine ýetirijisi Shaboozey bilen barypdyr. Braunyň sözlerine görä, sazanda “kiçigöwünli we ýakymly” adam eken, onuň peýda bolmagy märekäniň keýpini göteripdir. Sazanda bilen dostlary agşamy barda geçiripdir, terrasada tans edipdirler, saz diňläpdirler.
Baryň ýapylmaly wagty bolanda, sazanda hasabynyň beýleki müşderiler tarapyndan tölenendigine garamazdan, özüne çek ýazylmagyny talap edipdir. Birsalymdan  Braun repçiniň özüne 20 000 dollar çaý puly goýup gidendigini bilipdir.

“Men aglap goýberipdirin. Bu gije juda tolgundyryjy boldy, men öýden uzakdadym ahyry, baryň tükeniksiz hysyrdysy bilen başagaýdym. Olaryň [Malone Post bilen dostlarynyň] gelip gidenini aklyma sygdyrjak bolýardym. Çaý puly bolsa üstesine boldy" – diýip zenan boýun aldy.

Barmen zenanyň sözlerine görä, bu pul onuň kärende bergisini üzer we öz işini açmak üçin pul gatanjy bolar. Braun gyzynyň ýanynda has köpräk bolar ýaly, özi üçin işlemegi arzuw edýär.


22.06.2026 00:57
5.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......