Meta Facebook-daky gowşaklygy ýüze çykaran hünärmene 100 müň dollar töledi

  • 11.01.2025 15:22
  • 3.6k+

Meta korporasiýasy Facebook-yň mahabat ulgamyndaky gowşaklygy ýüze çykaran garaşsyz kiberhowpsuzlyk hünärmeni Ben Sadegipura 100 müň dollar töledi.

Ben Sadegipur Facebook-yň mahabat ulgamlarynyň barlagdan geçirilýän wagty kompaniýanyň içki serwerlerine doly aralaşmaga mümkinçilik berýän gowşaklygy ýüze çykardy diýip, TechCrunch habar berýär.
Sadegipur mahabat ulgamynyň barlag wagtynda Facebook-yň içki serwerlerinde buýruklary bermäge we ýerine ýetirtmäge mümkinçilik berýän gowşaklygy tapdy we olara doly gözegçiligi öz eline almagy başardy.
Bu gowşaklyk Facebook-yň mahabat ulgamyny dolandyrmak üçin ulanýan Chrome brauzeriniň köne wersiýasynyň düzedilmedik kemçiligi bilen baglanyşyklydy. Sadegipur şol kemçilik arkaly içki serwerlere girip, administrator hukuklaryny gazanmagy başardy.
Hünärmen bu mesele barada Meta korporasiýasyny habarly etdi.

"Men bu gowşaklygyň infrastrukturaňyzyň içinde ýerleşýändigi sebäpli düýpli meseledigini we düzedilmelidigini pikir etdim" diýip, Sadegipur öz hatynda aýtdy. Meta bu kemçiligi bir sagadyň içinde tiz düzetdi.

Korporasiýa meseläniň düzedilendigini tassyklady, ýöne goşmaça teswir bermekden ýüz öwürdi.
Sadegipur beýleki kompaniýalaryň mahabat platformalaryny hem barlap, şuňa meňzeş gowşaklyklaryň bardygyny belläp geçdi.


11.06.2026 23:54
1.4k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

23.05.2026 16:18
3.7k+

Sukerberg Meta-da 8 müň işgäri işden çykarýar

Meta kompaniýasynyň ýolbaşçysy Mark Sukerberg, takmynan, 8 müň işgäriň işden çykaryljagyny mälim etdi, bu bolsa kompaniýanyň bütin dünýädäki umumy işgärler sanynyň 10%-ine barabar. Bu çözgüt kompaniýanyň......

09.05.2026 00:32
11k+

Ronaldu we Messi Instagram-da millionlarça agzasyny ýitirdi

Meta kompaniýasy tarapyndan görlen berk çäreler Kriştianu Ronaldu, Lionel Messi we Kilian Mbappe ýaly futbol ýyldyzlarynyň sosial ulgamlarda esli agzasyny ýitirmegine getirdi....

08.05.2026 11:11
3.5k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......