Volkswagen kompaniýasynyň ýolbaşçylygy öz aýlygyny 300 million ýewro kemelder

  • 11.01.2025 13:17
  • 3.8k+

Volkswagen-iň direktorlar geňeşiniň agzasy Gunnar Kilian ýolbaşçylara tölenýän haklary 2030-njy ýyla çenli 300 million ýewro azaltmak baradaky meýilnamasyny yglan etdi. Şol bir wagtyň özünde, direktorlar geňeşiniň agzalarynyň aýlyklary, top-menejerleriňkä garanda, has hem azaldylar diýip, Autohome habar berýär.

Bu ädim kompaniýanyň maliýe ýagdaýyny durnuklaşdyrmak üçin geçirilýän uly göwrümli çäreleriň bir bölegi boldy. Volkswagen ozal kärdeşler arkalaşygy bilen Germaniýada 35 000 iş ornuny azaltmak barada ylalaşypdy. Şeýle-de bolsa, kärdeşler arkalaşygy dolandyryşdaky ozalky näsazlyklar üçin konserniň ýolbaşçylarynyň maliýe jogapkärçiligini çekmegini hem talap etdi.
Ýolbaşçylaryň aýlygynyň kemeldilmegi ykdysady kynçylyklaryň fonunda  kompaniýanyň ornuny berkitmäge hem-de işgärleriň we jemgyýetçiligiň ynamyny saklamaga kömek etmelidir.


düýn 11:11
3.2k+

Ýapon hili nemes tehnologiýasyna garşy: Toyota bilen VW-niň ygtybarlylygynyň detallaýyn deňeşdirmesi

Consumer Reports neşiriniň täze geçiren barlagyna görä, Toyota ýapon brendi nemes Volkswagen kompaniýasyndan öňünden çaklanylýan ygtybarlylyk babatda uly artykmaçlygy görkezdi....

13.05.2026 09:33
6.7k+

61 ýurtda iň köp satylýan awtoulag markalary yglan edildi; Toyota 25 ýurtda öňdeligi eýeledi

Focus2Move synçy kompaniýasy 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça 61 ýurtda iň köp satylan awtoulag markalarynyň sanawyny çap etdi. Garaşylyşy ýaly, dünýä bazarynyň lideri bir wagtyň özünde 25 ýurtda birinji orny......

06.05.2026 08:17
1.7k+

Volkswagen önümçiligini ýylda ýene bir million ulaga çenli azaltmak meýli barada yglan etdi

Volkswagen konserniniň ýolbaşçysy Oliwer Blýume 2028-nji ýyla çenli Ýewropada önümçilik möçberini ýylda takmynan ýene bir million awtomobil azaltmak meýilnamasynyň bardygyny mälim etdi. Bu çäre amaly......

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......