Samsung CES 2025 sergisinde dünýäde MicroLED ekranly ilkinji akylly sagady görkezdi

  • 11.01.2025 11:52
  • 3.8k+

Las-Wegasdaky CES 2025 sergisinde Samsung rekord derejede iň ýokary ýagtylygy bilen tapawutlanýan MicroLED ekranly dünýäde ilkinji akylly sagady görkezdi.

Öň displeýiň şeýle görnüşi täjirçilik taýdan elýeterli akylly sagatlarda ulanylmandy. Sagatlaryň ekranynyň iň ýokary ýagtylygy 4000 nit bolup, bu Galaxy Watch Ultra-nyň OLED displeýiniň ýagtylygyndan 33% ýokarydyr.
MicroLED ekranynyň diagonaly 2,1 dýuýma, durulygy bolsa 418 x 540 piksele barabar. Pikselleriň dykyzlygy bolsa 326 ppi. Deňeşdirmek üçin, Galaxy Watch Ultra-nyň displeýiniň piksel dykyzlygy 327 ppi deň, ýöne öň MicroLED ekranlarynyň piksel dykyzlygy OLED bilen deňeşdirilende has pesdi. Samsung-a kemçiligi düzetmek başartdy we bu tehnologiýany ösdürmek üçin möhüm ädim boldy.
MicroLED ekranlary birnäçe artykmaçlyga eýe: olar has çydamly, energiýa taýdan netijeli, seslenmede has tiz we adatdan daşary temperaturalarda ulanylyp bilner. OLED ýaly, olar hem çäksiz kontrastlygy, arassa gara reňki we giň syn ediş burçuny üpjün edýär.
Microled-info-nyň maglumatlaryna görä, Samsung eýýäm täze displeýli Galaxy Watch-y täjirçilik taýdan çykarmagyň üstünde işleýär. Bu gurluşlar 2025-nji ýylda satuwa çykyp biler.
Belläp geçsek, Garmin kompaniýasy hem şeýle tehnologiýany Fenix 8 seriýasyna girizmegiň üstünde işleýär, Apple bolsa ony öz Apple Watch Ultra sagatlary üçin öwrenýär, ýöne onuň satuwy 2026-njy ýyla süýşürilip bilner.


22.03.2026 04:00
2.9k+

Pixel 10 Pro XL batareýasynyň 1000 mAs uly bolmagyna garamazdan, iş wagty boýunça Galaxy S26-dan yza galdy

Pixel 10 Pro XL smartfony batareýasynyň göwrüminiň 1000 mA·sag has uly bolmagyna garamazdan, awtonom işleýiş wagty boýunça Samsung Galaxy S26 modelinden ýeňildi. «GSMArena» çeşmesiniň geçiren synaglaryna görä, Galaxy S26 işjeň tertipde takmynan 15 sagat 20 minut, Pixel 10 Pro XL bolsa 12 sagat 29 minut işlemegi başardy...

22.03.2026 02:50
2.4k+

Galaxy S22 Ultra ABŞ-da iň köp yzyna tabşyrylýan Android smartfony boldy

2025-nji ýylda ABŞ-da smartfonlar üçin "trade-in" (könesini berip, täzesini almak) maksatnamalary rekord derejä — 6,4 milliard dollara ýetdi, bu bolsa geçen ýyl bilen deňeşdirilende 42% köpdür. Bu baradaky maglumatlar "Assurant" kompaniýasynyň hasabatynda getirilýär...

03.03.2026 15:24
6.7k+

Galaxy S26 Ultra aýdylyşyndan has çalt zarýad alýar

Samsung-yň flagman smartfony Galaxy S26 Ultra resmi taýdan yglan edilendäkiden has ýokary zarýad alyş tizligini görkezdi. Tanyşdyryş wagtynda kompaniýa Super Fast Charging 3.0 tehnologiýasy arkaly enjamyň 30 minutda 75%-e çenli zarýad alyp biljekdigini habar beripdi...

03.03.2026 06:09
11k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasyny iPhone-nyň we Xiaomi-niň kameralary bilen deňeşdirdiler

Internetde Samsung kompaniýasynyň täze flagman smartfony bolan Galaxy S26 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezýän deňeşdirme suratlary peýda bolup başlady. Hususan-da, bir meňzeş sahnanyň birbada birnäçe enjamda, ýagny Samsung Galaxy S26 Ultra, Xiaomi 17 Ultra, Samsung Galaxy S25 Ultra, iPhone 17 Pro Max, Vivo X300 Pro we Oppo Find X9 Pro smartfonlarynda düşürilen suratlary çap edildi...