Toyota öz guran Woven City futuristik şäherine işgärlerini göçürip başlaýar

  • 11.01.2025 11:43
  • 5.4k+

Toyota Motor 2025-nji ýylyň güýzünde ilkinji ýüz ýaşaýjynyň Fudzi dagynyň etegindäki Woven City şäherine ornaşyp başlajakdygyny mälim etdi, Dezeen habar berýär.

“Şu ýyl ilkinji ýaşaýjylary göçürip başlarys, biz kem-kemden Woven City-ni janlandyrarys. Biz täze tehnologiýalary synagdan geçirmek we işläp taýýarlamak prosesini tizleşdirmäge çalyşýarys” – diýip, Toyota-nyň başlygy Akio Toýoda Las-Wegasdaky CES 2025 sergisinde aýtdy. 

Başlangyç tapgyrda innowasion şäheriň ilat sanyny, esasan, kompaniýanyň işgärleriniň we olaryň maşgalalarynyň hasabyna 2000 adama ýetirmek meýilleşdirilýär.


“Janly barlaghana” hökmünde döredilen şäher azyndan iki ýyl giň köpçülik üçin ýapyk bolar. Toýodanyň aýtmagyna görä, taslama ýitgili, ýöne geljekki tehnologiýalar üçin möhüm bolup biler.

“Woven City Toyota-a girdeji getirermi? Belki, ýok. Ýöne global kompaniýa hökmünde biz umumy geljegimize maýa goýmagy borç hasaplaýarys” – diýip, Toýoda belledi.

Woven City kompaniýanyň emeli aňyň, robototehnikanyň we durnukly infrastrukturanyň ösüşine gönükdirilen uly başlangyjynyň bir bölegidir. Bu başlangyjyň çäklerinde kompaniýa Arene atly täze programma platformasynyň üstünde işleýär. Ol awtomobilleri döretmek prosesini çaltlaşdyrmaga we önümçilik çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berer. Kompaniýa şu ýyl bu ulgamy ornaşdyryp, ony 2026-njy ýyldan başlap indiki nesil elektromobilleriniň esasy komponentine öwürmegi meýilleşdirýär.


düýn 14:05
3.5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

düýn 08:16
2.5k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.9k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......