Ortaça IQ derejesi boýunça ýurtlaryň reýtingi düzüldi

  • 10.01.2025 17:47
  • 8.5k+

Ilatynyň ortaça IQ derejesi boýunça dünýä ýurtlarynyň ýyllyk reýtingi hödürlendi. Maglumatlar 2024-nji ýylda degişli gözleg saýtynda aň koeffisiýenti boýunça halkara testden geçen 1 393 066 adamyň maglumatlaryna esaslanýar.

Sanawda maglumatlary elýeterli bolan 127 ýurt görkezildi. Bellenilişi ýaly, ortaça global IQ görkezijisi 100.
Ylmy gözlege laýyklykda, ortaçadan ýokary aň derejesini, esasan, Gündogar Aziýa ýurtlary görkezdi – olar reýtingiň ilkinji onlugynda agdyklyk edýär. Ortaça ýakyn netijeler Ýewropada, Günbatar Aziýada, Okeaniýada, Demirgazyk Amerikada we Demirgazyk Afrikada hasaba alyndy.
Merkezi we Günorta Afrikada, şeýle-de Latyn Amerikasynda ortaça görkezijiler global derejeden pes boldy.

Iň ýokary IQ derejesi bolan ýurtlaryň ilkinji onlugy:

  1. Hytaý – 107,43
  2. Eýran – 106,63
  3. Günorta Koreýa – 106,57
  4. Ýaponiýa – 106,54
  5. Singapur – 105,25
  6. Russiýa – 103,31
  7. Mongoliýa – 103,13
  8. Awstraliýa – 102,67
  9. Ermenistan – 102,64
  10. Ispaniýa – 102,37

Reýtingiň soňky üç ornuny Afrika ýurtlary: Benin (87,11), Angola (86,14) we Gabon (85,56) eýeleýär.

şu gün 14:49
784

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

şu gün 14:28
676

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

şu gün 00:57
4.2k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

düýn 23:59
1.6k+

NASA «Relativity Space» kompaniýasy bilen Mars missiýasy boýunça şertnama baglaşdy

NASA «Relativity Space» hususy kompaniýasy bilen Marsyň atmosferasyny öwrenmek üçin «Aeolus» missiýasyny işläp düzmek we uçurmak boýunça şertnama baglaşdy. Taslama üstünlikli durmuşa geçirilse, ol hususy......